Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite düzümlerinden biri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynda (BSGG) täze baş direktory saýlamak çäresi işjeň ýagdaýda dowam edýär. Bu ýokary derejedäki wezipe üçin häzirlikçe 6 dalaşgär özara bäsleşýär. Indiki ýylyň ýanwar aýynda olaryň sany 5-e düşer. Soňra mart aýynda olaryň sany 3-e deň bolar. Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň maý aýynda guramanyň Bütindünýä Assambleýasynda 3 dalaşgärden biri täze baş direktor wezipesine saýlanar.
BSGG-niň baş direktoryny saýlamak düzgüni örän ýönekeý. 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda guramanyň ýerine ýetiriji geňeşi 5 dalaşgär barada gysgaça maglumat taýýarlaýar. Soňra olaryň her biri bilen aýry-aýry söhbetdeşlik geçirer. 22-nji maýdaky ýokary derejeli mejlise çenli olaryň sany 3-e ýetiriler.
Bu gezekki saýlaw öňkülerden tapawutly bolar. Mundan ozal, ýerine ýetiriji geňeş Bütindünýä Assambleýasynda diňe bir adamy BSGG-niň baş direktory wezipesine dalaşgär görkezýärdi.
Täze saýlanjak baş direktor 2017-nji ýylyň 1-nji iýulynda wezipesine girişer. Häzirki baş direktor Margarat Çen iki möhletden bäri bu wezipede işläp gelýär.
BSGG-niň baş direktory wezipesine: Italiýa – zenanlar hem-de çagalar lukmany Flawia Bestreony, Fransiýa – ozalky daşary işler ministri, professor Filipp Dust-Blazini, Beýik Britaniýa – BSGG-niň Ebola wirusyna garşy göreş alyp barýan ýörite utgaşdyryjysy Dewid Nabarrony, Rumyniýa – ozalky saglygy goraýyş ministri Mikloş Soçkany, Efiýopiýa – ozalky saglygy goraýyş ministri Tedros Adanom Gebreýesusy, Pakistan – ozalky saglygy goraýyş ulgamyndan jogapkär federal ministri Sanyu Niştary dalaşgär görkezdi.
Şu ýylyň 1-2-nji noýabrynda dalaşgärler 30 minudyň dowamynda öz maksatnamasy boýunça çykyş etdi we soňra 60 minudyň dowamynda sorag-jogap söhbetdeşligi geçirildi.