Formula 1 boýunça möwsümiň 6-njy ýaryşy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirildi. Şäheriň köçelerinde geçirilen ýaryşyň soňky tapgyrlary ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Kiçeňräk awariýa sebäpli trassanyň arassalanmagy üçin wagty togtadylan bäsleşikde “Red Bull” toparynyň meksikaly sürüjisi Serhio Perez ýeňiş gazandy. Ol 51 aýlawy 2 sagat 13 minut 36,410 sekuntda pellehana gelip, karýerasyndaky 2-nji ýeňşini baýram etdi. Perezden 1,385 sekunt yza galan “Aston Martin” toparynyň nemes sürüjisi Sebastian Wettel 2-nji, ýeňijiden 2,762 sekunt soň pellehanadan geçen “Alpha Tauri” toparynyň fransuz piloty Pier Gasli 3-nji ýeri eýeledi. Ýaryşa ilkinji hatardan başlan Şarl Lekler 4-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. Bäsleşigiň soňky aýlawlary diýseň dartgynly we çekeleşikli geçdi. 3-nji orunda başlan Werstappen bäsleşigiň tamamlanmagyna 4 aýlaw galanda, iň öňde barýarka tekeriniň ýarylmagyndan soň ýaryşy tamamlap bilmedi. Trassanyň arassalanmagy üçin az wagtlyk togtadylan ýaryşyň täzeden başlamagy bilen Lýuwis Hamilton birinji orna geçdi. Ýöne ol hem ýaryşyň tamamlanmagyna 2 aýlaw galanda, öwrümleriň birinde tizligini saklap bilmän trassanyň daşyna çykdy. Netijede, 15-nji orunda ýaryşy tamamlan Hamilton bäsleşigi utuksyz tamamlady.

Geçirilen 6-njy ýaryşdan soň Werstappen 105 utuk bilen liderligini dowam etdirýär. 2-nji basgançakdaky Hamiltonyň 101 utugy bar. Utugyny 69-a çykaran Perez 3-nji orna beýgeldi.

Möwsümiň 7-nji “Gran Prisi” 20-nji iýunda Fransiýada geçiriler.