– Hy­ta­ýyň Döw­let Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy Li Kes­ýa­nyň Rus­si­ýa ama­la aşyr­jak sa­pa­ry iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň has-da ber­ki­dil­me­gi üçin örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir – di­ýip, Hy­ta­ýyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň kö­mek­çi­si Li Hu­eý­laý ha­bar ber­di.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Prem­­ýer-mi­nist­ri Dmit­riý Med­we­de­wiň ça­gyr­ma­gy bo­ýun­ça Hy­ta­ýyň Döw­let Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy Li Kes­ýan şu ýy­lyň 6-8-nji no­ýab­ry ara­ly­gyn­da Rus­si­ýa­da sa­par­da bo­lar we iki ýur­duň hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ýag­daý­da ge­çi­ril­ýän 21-nji du­şu­şy­gy­na gat­na­şar. Bu du­şu­şyk 7-nji no­ýabr­da Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.
– Bu sa­par Hy­taý bi­len Rus­si­ýa­nyň ara­syn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ryň üs­tü­ni ýe­ti­rer. Ol iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy hem-de ser­he­tüs­ti hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi üçin mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir – di­ýip, Li Hu­eý­laý bel­le­ýär.
Rus­si­ýa­nyň hö­kü­me­ti­niň met­bu­gat gul­lu­gy­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, Prem­ýer-mi­nistr­ler Dmit­riý Med­we­dew bi­len Li Kes­ýan iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum, ener­ge­ti­ka, se­bi­ta­ra we ser­het­ýa­ka hyz­mat­daş­ly­gy hem-de gu­ma­ni­tar ugur­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar. Gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki be­ýa­nat ka­bul edi­ler. Şeý­le hem hö­kü­me­ta­ra, pu­da­ga­ra we hu­su­sy pu­da­ga de­giş­li yla­la­şyk­la­ryň bir­nä­çe­si­ne gol çe­ki­ler.
Hy­ta­ýyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň kö­mek­çi­si­niň bel­le­me­gi­ne gö­rä, gep­le­şik­le­riň çä­gin­de ga­za­nyl­jak yla­la­şyk­lar yk­dy­sa­dy­ýet, söw­da, ma­ýa go­ýum, ener­ge­ti­ka, awia­si­ýa, oba ho­ja­ly­gy, güm­rük gul­lu­gy, ylym-bi­lim we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ul­gam­la­ry­ny gur­şap alar.
Mun­dan baş­ga-da, Hy­ta­ýyň Prem­ýer-mi­nist­ri Li Kes­ýan sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bi­len du­şu­şar.