Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Ilkinji gezek 1960-njy ýylda Fransiýada geçirilen Ýewropa çempionatynyň kubogy ýaryşy esaslandyran, UEFA-nyň ilkinji sekretary Anri Deloneniň adyny göterýär. Ozalky kubok häzirki görnüşinden kiçidi. 2008-nji ýylda kubok täzeden dizaýn edilip, ol öňki görnüşinden ulaldyldy. Arassa kümüşden ýasalan kubogyň agramy 8 kilograma deňdir. Bu ozalkysyndan 2 kilogram agyr diýmekdir. Boýy-da öňki görnüşinden 18 santimetr uzaldylyp, 60 santimetre ýetirildi. Çempion bolan ýygyndylaryň atlaryny ýazmagy has ýeňilleşdirmek üçin kubogyň ini azda-kände giňeldildi.