Geljek ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça Dünýä Kubogynyň Aziýa yklymy boýunça 2-nji saýlama tapgyryndaky jemleýji oýnunda ildeşlerimiz ýeňiş gazandy. Günorta Koreýanyň Goýan şäheriniň adybir stadionynda oýnalan oýunda Türkmenistanyň ýygyndysy Liwanyň ýygyndysyndan 3-2 üstün çykdy. Birinji ýarymy golsuz geçen oýunda ilkinji bolup ildeşlerimiz hasaby açdy. Oýnuň 59-njy minutynda Zafar Babajanowyň ildeşlerimiz öňe saýlady. Liwanlylar 2 minutda 2 gol geçirip hasaby deňlediler. Oýnuň 73-nji minutynda Ataýa, 75-nji minutynda Saad tapawutlandy. Bu gollardan soň hüjüm baryny eden türkmen futbolçylary 85-nji minutda Güýçmyrat Annagulyýewiň goly bilen hasaby deňlediler. Bir minutdan soňam Liwandan Mansur gyzyl kart aldy. Oýnuň 90+1-nji minutynda-da Altymyrat Annadurdyýew tapawutlanyp, Türkmenistanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. Şunlukda, 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan Türkmenistanyň ýygyndysy toparçada 3-nji ýeri eýeläp, saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryny tamamlady. Demirgazyk Koreýanyň ýaryşdan çekilmegi bilen milli ýygyndymyzyň şolar bilen geçiren oýnunda gazanan 3 utugy aýrylypdy.