Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Futbol baýramçylygy bolan 16-njy Ýewropa çempionatyna ertir Türkiýe-Italiýa duşuşygy bilen badalga berler. Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanjak bu oýun Italiýanyň paýtagty Rimdäki “Olimpico” stadionynda oýnalar. Duşuşyga Niderlandlardan Danni Makkelie eminlik eder. Bir aýlap dowam etjek çempionatda jemi 51 duşuşyk geçiriler. Eýsem bu duşuşyklar haýsy teleýaýlymlar arkaly futbol janköýerleriniň dykgatyna ýetiriler.

Duşuşyklar dünýäniň ençeme teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkeziler. Şolaryň arasynda IPTV-de hem bar bolan Russiýanyň “Rossiýa 1”, “Perwyý Kanal” (ORT) hem-de “Match!” teleýaýlymlary duşuşyklary gezekli-gezegine tomaşaçylara ýetirer. Bulardan başga-da Türkiýäniň TRT 1 kanaly ähli oýunlary göni ýaýlymda berer. “TRT Spor” kanaly-da bir wagtda başlanýan oýunlary görkezer. Şeýle-de Azerbaýjanyň “Ictimai TV” hem-de “Idman TV” kanallary, Täjigistanyň “Warzish”, “Futbol”, Gazagystanyň “Qazsport”, kanallary, Angliýanyň BBC, ITV, Italiýanyň RAI, “Sky Italia”, Germaniýanyň ZDF, ARD, Fransiýanyň TF1,  Polşanyň TVP kanallary, şeýle-de birnäçe ýurtda “beIN Sports”, ESPN, “Canal+” hem efire berer. Bu barada UEFA-nyň resmi saýty “uefa.com” giňişleýin habar berýär.