Britan-niderland kompaniýasy “Royal Dutch Shell Plc”-iň 2016-njy ýylyň 3-nji çärýeginde arassa girdejisi artyp, bu görkeziji 1,4 milliard dollara deň boldy. Bu ýagdaý onuň öndürýän önümlerine daşary ýurt bazarlarynda islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem kompaniýa çykdajylary birneme azaltdy. Geçen ýylyň degişli döwründe kompaniýa zyýana galypdy.
Kompaniýanyň nebit ýataklaryny gözleg-agtaryş işlerinden gazanan girdejisi 4 milliona deň boldy. Gaýtadan işlemek we önümi ýerlemek babatdaky girdejisi 2,078 milliard dollara golaýlady.
Şu ýylyň iýul-sentýabr aýlarynda nebit önümçiligi 3,595 million barrele deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25 göterim artdy. Kompaniýanyň suwuklandyrylan gaz söwdasy 54 göterim artyp, 15,23 million tonna deň boldy.