Daş-töweregi suw bilen gurşalan gury ýer bölegine ada diýilýär. Deňiz kenarlarynyň we adalaryň köpüsi syýahatçylaryň dynç almak üçin barýan ýerleri hasaplanýar. Täsin tebigatly adada palma agajynyň astynda dynç alyp, mawy deňze syn etmegiň lezzeti başgaça. Olaryň käbiri gözelligi, durnaň gözi ýaly durulygy, merjen rifleri bilen, käsi bolsa täsin jeňňelligi, mahmal depeleri, hatda ilatly ýaşaýyş gurşawy bilen jahankeşdeleri özüne maýyl edýär. Haýran galdyryjy topografiýasy hem-de geografiýasy bolan adalara ýylyň-ýylyna müňlerçe, hatda millionlarça syýahatçy gelýär. Suwasty we suwüsti täsin haýwanat dünýäsi, tämiz howasy bilen görenleri haýrana goýýan dünýäniň iň owadan adalary barada birnäçe maglumaty size ýetirmegi makul bildik:
Bora-Bora: Ýuwaş ummanyndaky Liward adalarynyň biri bolan bu ada Fransuz Polineziýasyna degişlidir. Bora-Boranyň umumy meýdany 30,55 km²-a deňdir. Adalar toplumynyň esasy adasy bolan Taitiniň 241 km demirgazyk-günbataryndaky adanyň töweregi ada barýer rif bilen gurşalandyr. Şeýle adalara, ýagny halka ýa-da üzülen halka görnüşli merjen adasyna atol diýilýär. Adanyň merkezinde Pahiýa we Otemanu depesi ýerleşýär. Adanyň iň beýik nokady 727 metre deň. Bora-Bora adasy deňiz kenaryndaky we deňziň içine süsňäp girýän emeli desgasy bilen meşhur halkara syýahatçylyk merkezini emele getirýär.
Seýşel adalary: Somali deňziniň gündogar çetinde Hindi ummanyndaky arhipelag adalarydyr. Bu ýerde 115 ada bar. Paýtagty we iň uly şäheri Wiktoriýa Afrika materiginiň gündogaryndan 1500 kilometr uzakda ýerleşýär. Seýşel adalarynda XVI asyrda ýewropalylar aralaşmazyndan ozal ilat ýaşamaýardy. 1976-njy ýylda bu ýerde garaşsyz döwlet esaslandyrylandan soňra, ykdysadyýet diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilip başlanýar we ilaty artýar. Hindi, iňlis, fransuz, afrika elementlerini özünde jemleýän seýşel medeniýetiniň baý aşhanasy köp sanly syýahatçyny özüne çekýär.
Santorini: Gresiýanyň günorta-gündogarynda, Egeý deňziniň günortasynda ýerleşýän adanyň meýdany 73 km² bolup, onuň golaýynda Terasiýa, Nea Kameni, Palaýa Kameni, Aspronisi we Kristiana adalary bar. Bu ada, takmynan, 3600 ýyl ozal wulkanyň atylmagy netijesinde emele gelipdir. Adanyň ady XIII asyrda Latyn imperiýasy tarapyndan berilýär. Bu at Keramatly Irene (Santa Irini) adynyň gysgaltmasydyr.
Bali: Bu ada bilen adybir welaýat bolup, oňa beýleki birnäçe adalar hem girýär. Welaýatyň çägine Ýawa, Lombog Nusa-Penida, Nusa-Lembongan we Nusa-Seningan ýaly goňşy adalary hem girýär. Denpasar şäheri welaýat paýtagty hasaplanyp, ýurduň iň köp ilatly şäherleriniň biridir. Baliniň medeni merkezi dag eteginde ýerleşýän Ubud şäheri hasaplanýar. Welaýat 1980-nji ýyllardan bäri Indoneziýanyň esasy syýahatçylyk merkezidir. Bali diňe owadan deňiz kenarlary, gür tokaýlary we täsin haýwanat dünýäsi bilen däl, eýsem, adaty we häzirki zaman tansy, heýkeltaraşlyk, suratkeşlik, deri, metal işläp bejermek we aýdym-saz ýaly ýokary derejede ösen sungatlary bilen hem meşhurdyr. Indoneziýanyň halkara film festiwaly hem her ýyl Bali şäherinde geçirilýär.
Fiji: Günorta Ýuwaş ummanyndaky adalar topary Awstraliýanyň 3000 km gündogarynda we Täze Zelandiýanyň 2000 km demirgazygynda ýerleşýär. Arhipelag 330-dan gowrak adadan ybarat bolup, bu ýere ilatyň göçüp gelenine ýüz ýyl töweregi wagt geçipdir. Esasy Witi Lewu we Wanua Lewu adalary meşhur bolup, iň belent nokady Tomaniwi (1324 m) dagydyr. Tropiki deňiz howasy bolan arhipelagda howa möwsüme görä üýtgeýär. Fiji 18 274 km² meýdany tutýar. Fijiniň 870 müň töweregi ilaty bolup, olaryň dörtden üç bölegi ýurduň paýtagty Suwanyň ýerleşýän Witi Lewu adasynda ýaşaýar. Häzirki wagtda Fiji Ýuwaş ummanyň ykdysady taýdan iň ösen adalarynyň biridir.