Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ýo­ka­ry dep­gin­de ös­me­gi adam zäh­me­ti bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň sa­ny­ny azald­ýar. Şeý­le ösü­şiň do­wam et­me­gi bi­len ýe­ne-de bir­nä­çe ýyl­dan kä­bir hü­när­ler äh­mi­ýe­ti­ni ýi­ti­rer, kä­bir hü­när­le­re bol­sa is­leg ar­tar. Şeý­le-de, tä­ze hü­när­ler peý­da bo­lar. Bi­ler­men­ler hä­zir­ki wagt­da­ky iş­le­riň üç­den iki bö­le­gi­niň gel­jek on ýy­lyň do­wa­myn­da eme­li aň­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­jek­di­gi­ni mä­lim ed­ýär­ler. Şol se­bäp­li aw­to­mat­laş­dy­ry­lan we mag­lu­mat ta­lap ed­ýän hü­när­le­riň äh­mi­ýe­ti­niň art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy bank-ma­li­ýe, dok­ma­çy­lyk, bö­lek söw­da ýa­ly pu­dak­lar­da has köp ula­ny­lar. Bu pu­dak­lar­da zäh­met çek­jek hü­när­men­ler ma­te­ma­ti­ka, prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy ýa­ly ugur­lar­dan go­wy baş çy­kar­ma­ly bo­lar. Ang­li­ýa­nyň Oks­ford uni­wer­si­te­ti­niň bi­ler­men­le­ri gel­jek­de haý­sy hü­när­le­riň ar­zy­ly bol­jak­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat taý­ýar­la­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, gel­jek on ýy­lyň do­wa­myn­da köp işi ýe­ri­ne ýe­tir­mek örän aň­sat bo­lar. Yl­my-po­pul­ýar film­le­r­de ga­bat gel­ýän bir­nä­çe hü­när­ler ýa­kyn gel­jek­de dur­muş­da ha­ky­ka­ta öw­rü­ler.
Hä­zir­ki wagt­da, esa­san, se­na­gat önüm­çi­li­gi­ne ro­bot­laş­dy­ry­lan teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den ula­nyl­ýar. Köp za­wod­da önüm­çi­lik kon­we­ýe­ri­niň ýa­nyn­da iş­çi­niň or­nu­na ro­bo­ty ýa-da iş­çi­niň haý­sy­dyr bir en­jam bi­len işi­ni aň­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan en­jam­la­ry aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da has köp gör­mek bol­ýar.
Kä­bir iri şä­her­ler­dä­ki myh­man­ha­na­dyr res­to­ran­lar­da ro­bot­lar müş­de­ri­le­riň so­wal­la­ry­na jo­gap ber­ýän bol­sa, sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gyn­da peý­da­la­nyl­ýan ro­bot­lar hem bar. Hat­da myh­man­ha­na­da müş­de­ri­niň el go­şu­ny da­şa­ma­ga ýar­dam ed­ýän ro­bot­la­ry hem gör­mek bol­ýar. Bu ýag­daý di­ňe adam zäh­me­ti­ni ýe­ňil­leş­dir­män, eý­sem, kär­ha­na­la­ryň çyk­da­jy­la­ry­ny hem azald­ýar.
Ýo­kar­da ber­len my­sal­lar­da­ky iş­le­ri ýo­la goý­mak komp­ýu­ter we mo­bil prog­ram­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ýan hü­när­men­le­riň pa­ýy­na düş­ýär. Şo­nuň üçi­nem prog­ram­ma dü­zü­ji hü­när­men­le­re dür­li pu­dak­lar­da ze­rur­lyk du­ýul­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Müş­de­ri­le­riň we eda­ra-kär­ha­na­la­ryň artýan is­le­gi bu prog­ram­ma­la­ry yzy­gi­der­li tä­ze­le­mä­ge ze­rur­lyk dö­re­der.
Hä­zir­ki wagt­da san­ly ul­gam adal­ga­sy has köp eşi­dil­ýär. Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar bol­sa san­ly teh­no­lo­gi­ýa­nyň nä­de­re­je­de äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aýan et­di. Bu dö­wür­de kom­pa­ni­ýa­lar san­ly ul­gam ar­ka­ly nä­hi­li iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­jak­dy­gy­ny iş ýü­zün­de gör­dü­ler. Bu bol­sa, san­ly ul­gam­da­ky inf­rast­ruk­tu­ra­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne iter­gi ber­di. Şeý­le hem bu ýag­daý on­laýn mas­la­hat­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­ne, söw­da­la­ryň bu usul ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne ge­tir­di. Gel­jek­de san­ly ul­gam bo­ýun­ça mar­ke­ting hü­när­men­le­rine ze­rur­ly­gyň art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Al­ty­naý Gur­ba­no­wa,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.