Ýatkeşligi gowulandyrmak hemmeler üçin möhümdir. Bu işde käbir usullary ýerine ýetirmek has talabalaýyk hasaplanýar.
Ilki bilen özüňize bolan ynamy ösdürmek zerurdyr. Bir zady öwrenmek ýa-da ýat tutmak üçin şoňa özüňizi ynandyrmagyňyz gerek. Soňra onuň üçin sarp edilen azap ýerine düşer. Mundan başga-da, ýat endikleriňizi ýokarlandyrmak üçin üznüksiz tejribe geçmek zerurdyr. Bu size ýat endiklerinizi güýçlendirmäge ýardam eder. Munuň üçin ýatkeşligi ösdürmäge kömek edýän dürli maşklary ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Yzygiderli mysal çözmek, kitap okamak ýadyňy gowulandyrmaga kömek edip biler. Ýatkeşligiňizi gowulandyrmak üçin ünsüňizi başga ýana sowmakdan gaça durmaly. Şonuň üçin adamlar köplenç kitap okaýarka ýa-da synaglara taýýarlanýan döwründe daş-töweregiň özüne ýetirjek oňaýsyz täsiriniň öňüni almak üçin aýdym diňleýär ýa-da asuda gurşawly ýeri saýlap alýar. Öwrenen zatlaryňyzy yzygiderli gaýtalamak hem-de olaryň arasynda arabaglanyşygy döretmek ýatkeşligi ösdürýär. Ýatkeşligi ösdürmekde diňe akyly ulanmak hem ýeterlik däldir. Öwrenen zadyňyzy kagyza bellik etmek hem ýatkeşligiňizi berkidýär.
Merdan SEÝITLIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.