Ge­çen ýyl Mýan­ma­da­ky to­kaý­lar­dan ta­py­lan şep­bi­giň için­den çykan süý­re­ni­ji ga­lyn­dy­sy­nyň haž­žyk­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Hä­zi­re çen­li 99 mil­li­on ýyl bi­len se­ne­len­ýän ga­lyn­dy­nyň dün­ýä­niň iň ki­çi di­no­zaw­ry bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi çak­la­nyl­ýar­dy. Meň­zeş ga­lyn­dy­lar gaý­ta­dan düýp­li öw­re­ni­len­de, onuň has ki­çi süý­re­ni­ji­di­gi bel­li bol­dy. «Cur­rent Bio­lo­gy» žur­na­lyn­da çap edi­len yl­my ma­ka­la­da bu jan­da­ra Hin­dis­tan­da we Mýan­ma­da ýa­şa­ýan Na­ga hal­ky­nyň hor­ma­ty­na «Oculu­den­tavis na­ga» di­ýip at be­ril­di. Jan­da­ryň «Oculu­den­tavis khaung­raae» at­ly süý­re­ni­ji­ler bi­len bir maş­ga­la de­giş­li­di­gi çak­la­nyl­ýar. Yl­my işiň aw­tor­la­ry bu jan­da­ryň kel­le­si­niň gur­lu­şy­ny öw­re­nen­le­rin­de, onuň diş­le­ri­niň di­no­zaw­ryň­ky­dan ta­pa­wut­ly­dy­gy­ny, kel­le­ça­na­gy­nyň, göz ga­bak­la­ry­nyň, bo­ýun süňk­le­ri­niň haž­žyk­la­ryň­ka meň­ze­ýän­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. Mun­dan baş­ga-da, to­par has go­wy sak­la­nyp ga­lan nus­ga­da eňe­gi­niň gur­lu­şy­nyň di­no­zawr­la­ryň­ka meň­ze­me­ýän­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. Kä­bir agaç­la­ryň ga­by­gy­na haý­sy­dyr bir şi­kes ýe­ten­de peý­da bol­ýan sa­rym­tyl, goň­rum­tyl reňk­li, ýel­me­şe­gen hä­si­ýet­li şep­bik­le­riň içi­ne gi­ren mör-mö­jek­ler uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da za­ýa­lan­man sak­lan­ýar.