Düýn Hytaýyň üç kosmonawty gurluşygy dowam edýän kosmos stansiýasyna uçuryldy. Bu missiýa ýurduň iň uzak möhletli kosmos programmasy bolar. Gobi çölündäki kosmodromdan uçurylan «Long March» atly göteriji raketanyň uçuşy şowly boldy. Ýeriň orbitasyndaky bekedi gurmak üçin dört gezek adamly uçuşy amala aşyrmaly. Bu şolaryň ilkinjisidi. Saýlanyp alnan Ne Haýşen, Lýu Bomin we Tang Hongbo dagy üç aýlap kosmos bekediniň esasy modulynda bolup, oňa birikdiriljek goşmaça modullar üçin taýýarlyk görerler. «Shenzhou-12» missiýasynyň çäklerinde kosmosa iberilen 3 adamlyk ekipaža Ne Haýşen ýolbaşçylyk eder. Tejribeli hytaý kosmonawty ilkinji gezek 2005-nji ýylda Ýeriň orbitasyna çykypdy. 2013-nji ýylda bolsa synag maksady bilen döredilen kosmos laboratoriýasy «Tiengong-1»-e birigen «Shenzhou-10» gämisinde bolupdy. Lýu Bomin bolsa hytaýly kosmonawtlaryň ilkinji açyk asmana çykan «Shenzhou-7» missiýasyna gatnaşypdy. 2010-njy ýylda kosmonawtlaryň hataryna goşulan Tang Hongbo bolsa ilkinji gezek kosmosa çykdy.
«Tiangong» atly kosmos bekediniň gurluşygy tamamlananda esasy moduldan, iki laboratoriýadan we bir kosmos teleskopyndan ybarat bolar. «Shenzhou-12»-niň ekipažy uzynlygy 16,6 metre, ini 4,2 metre barabar bolan «Tianhe» atly modulda bolar. Bekediň gurluşygyna şu ýylyň 29-njy aprelinde ilkinji modulynyň kosmosa iberilmegi bilen başlanypdy.
Häzirki wagtda Ýeriň orbitasynda bir sany adamly beket – Halkara kosmos stansiýasy bar. Bu bekediň ulanyş möhleti uzaldylmadyk ýagdaýynda 2024-nji ýylda tamamlanýar.