Hä­zir­ki wagt­da to­mus pas­ly­nyň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de ho­wa­nyň gyz­ýan­dy­gy se­bäp­li Gün­den go­ran­mak adam saglygy üçin ähmiýetlidir. Bilermenleriň aýt­ma­gy­na gö­rä, howanyň gyz­gyn­ly­gy ýyl-ýyl­dan ýo­kar­lan­ýar. Süň­ňü­miz bol­sa daş­ky gur­şa­wyň tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň üýt­ge­me­gi­ne örän duý­gur­dyr. Jöw­za­ly ys­sy­da Gü­nüň ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­ri­niň as­tyn­da aşa köp gez­mek ada­ma ýa­ra­maz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Ys­sy ho­wa be­de­ni tap­dan dü­şür­ýär, ada­myň ys­gy­ny­ny al­ýar, işe bo­lan uky­by­ny pe­seld­ýär. Ho­wa­da kis­lo­ro­dyň azal­ma­gy ýü­re­ge we gan da­mar­la­ry­na has köp ag­ram sal­ýar. Ne­ti­je­de, gan da­mar­la­ry gi­ňel­ýär we gan ba­sy­şy ýo­kar­lan­ýar.
Ýi­ti Gün şöh­le­sin­den ýe­ter­lik de­re­je­de go­ra­nyl­ma­dyk ýag­da­ýyn­da de­ri­de ýa­nyk, teg­mil we ýy­gyrt peý­da bol­ýar. Şeý­le-de, göz­le­riň şi­kes al­mak äh­ti­mal­ly­gy ýo­kar­lan­ýar. Şo­nuň üçin Gün şöh­le­si­niň gös-gö­ni düş­ýän wagt­y bo­lan gün­diz sa­gat 11:00-dan 18:00 ara­ly­gyn­da ze­rur bol­ma­dyk ha­la­tyn­da da­şa­ryk çyk­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Şeý­le hem to­mus pas­ly­na gö­ra ge­ýin­mek mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­lan­ýar. Bu dö­wür­de te­ne ýa­kym­ly, açyk reňk­li egin-eşik, kel­lä­ňe baş­gap geý­mek ýa-da ýag­lyk atyn­mak, sa­ýa­wan gö­ter­mek, gö­re­ji go­ra­mak üçin bol­sa Gün­den go­raý­jy äý­nek­le­ri da­kyn­mak mas­la­hat be­ril­ýär.
Luk­man­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­ra, be­den­de su­wuň de­ňag­ram­ly­ly­gy­nyň sak­lan­ma­gy üçin to­mus aý­la­ryn­da gü­nüň do­wa­myn­da köp muk­dar­da suw iç­mek peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. Bu dö­wür­de gaz­lan­dy­ry­lan suw­la­ryň ýe­ri­ne aras­sa agyz su­wu­ny ýa-da gaý­nan su­wy iç­mek sag­lyk üçin peý­da­ly­dyr. Teş­ne­li­gi gan­dyr­mak­da gök ça­ýyň, süýt önüm­le­ri bo­lan aý­ran­dyr ga­ty­gyň hem-de dü­ýe ça­ly­nyň hem peý­da­sy ulu­dyr. To­mus­da Gü­nüň zy­ýan­ly tä­si­rin­den go­ra­ýan C wi­ta­mi­ni­ne (tur­şy ta­gam­ly önüm­ler, po­mi­dor, ys­ma­nak) baý önüm­le­ri köp­räk iý­me­li.
Ho­wa­nyň ys­sy döw­rün­de doňdurma­dyr so­wuk suw özü­ne çe­ki­ji gö­rün­se-de, bu önüm­le­ri hem aşa köp iý­mek sag­ly­gy­ňy­za zy­ýan ýe­ti­rip bi­ler. Şeý­le hem ys­sy ho­wa­da da­şar­dan gel­nen­den soň­ra serginledijiniň öňün­de otur­mak­dan sak­lan­ma­ly. Öý­de ho­wa­nyň or­ta­ça tem­pe­ra­tu­ra­sy­ny sak­la­mak ta­la­ba­la­ýyk ha­sap­lan­ýar.
To­mus pas­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li yl­my­-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­byn­da yl­my taý­dan gi­ňiş­le­ýin be­ýan edil­ýän nar­pyz­dan, ýan­dak­dan, ço­pan­tel­pek­den dem­le­nen mel­hem çaý­la­ry iç­me­gi en­dik edin­mek sag­lyk üçin örän peý­da­ly­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, hal­ky­my­zyň sag­ly­gy ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. To­mus dynç alyş möw­sü­min­de şy­pa­ha­na hyz­mat­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ral­ma­gy hem şo­la­ryň bir my­sa­ly­dyr.

We­pa MÄ­MI­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.