Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijeleri mälim edildi. Ýurduň ýolbaşçysy wezipesine Ýokary Kazyýetiň baş kazysy Ebrahim Raisi saýlanandygy habar berildi. Şeýlelikde Raisi ýurduň sekizinji Prezidenti bolar. Bu saýlawda Mejlisiň başlygynyň orunbasary Amir Huseýin Kazizade Haşemi we Merkezi bankyň öňki başlygy Abdolnaser Hemmati hem dalaşgär bolupdy.
Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, Eýranyň häzirki Prezidenti Hasan Ruhaniniň yzly-yzyna iki möhlet eýeläp gelýändigi üçin öz dalaşgärligini hödürlemäge hukugy ýok.
Saýlaw güni ýurduň çäginde 66,8 müň saýlaw uçastogy açyldy. Eýranyň raýatlary dünýäniň beýleki 133 ýurdunda açylan 234 saýlaw uçastogynda hem ses berdiler. Saýlawlara gatnaşmaga hukukly eýranlylaryň umumy sany 52,31 million.
Jikme-jik netijeleriň gysga wagtda mälim edilmegine garaşylýar.