Hytaýyň Çangşa şäherinde 28 sagat 45 minutda 10 gatly jaý guruldy. Gurluşyk şereketi binany gurmak üçin iri panel tehnologiýasyndan peýdalandy. Ululygy konteýneriňkä barabar paneller gurluşyk meýdançasyna getirilip, göteriji kranlar arkaly bir-birleriniň üstüne goýlup, birleşdirildi. Bina gurlup gutarylandan soňra bolsa, suw we elektrik ulgamy guruldy. Kompaniýa rekord derejede tamamlanan gurluşyk babatda -“Standart konteýner ölçegi, dünýä derejesinde iň arzan daşamak usuly. Örän aňsat ýerinde gurnama” – diýip baha berdi. Şereket 2015-nji ýylda 57 gatly diňi şol bir tehnologiýany ulanmak arkaly 19 günde gurupdy.