22-nji iýunda Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen giň gerimli döredijilik çäresi 2013-nji ýyldan başlap, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýär. Däp bolşy ýaly, Medeniýet hepdeligi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp guralýar. Munuň özi nesilleriň ruhy arabaglanyşygynyň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.
Ýurdumyzyň sebitleriniň her biri her ýyl geçirilýän bu giň gerimli medeni çäräni nobatma-nobat kabul etmek bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşine goşýan goşandyny, gazanýan üstünliklerini hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny görkezmäge çalyşýar.
Binagärlik ýadygärliklerine baý sebit
Ýurdumyzyň gündogar sebitinde dürli eýýamlara degişli binagärlik ýadygärlikleriniň 200-den gowragynyň, şol sanda orta asyrlara degişli ýadygärlikleriň — Kerki etrabyndaky Astanababa kümmetiniň, Daýahatyn kerwensaraýynyň, özüniň keşbinde “altyn asyrda” (Seljuklar eýýamynda) Orta Aziýanyň ägirt uly binagärliginiň aýratynlyklaryny beýan edýän Alamberdar kümmetiniň, Halaç etrabyndaky beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň okan Idris baba medresesiniň, şeýle hem beýleki taryhy we medeni ýadygärlikleriň ýerleşýändigini ýatlatmak ýeterlikdir. Häzirki wagtda bu ýadygärlikler diňe bir alymlaryň däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden jahankeşdeleriň hem ünsüni özüne çekýär.
Köýtendagdaky dinozawrlaryň aýak yzlary saklanyp galan dag tekizligi, gowaklar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, «Amyderýa» döwlet goraghanasynyň hem-de «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň täsinlikleri alymlarda we syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär.
Amyderýanyň ýakasyndaky şäheriň häzirki binagärlik keşbi hem myhmanlary haýran galdyrýar. Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň binalary, Ruhyýet köşgi we Bagt köşgi, 2018-nji ýylda ulanmaga berlen döwrebap Halkara howa menzili hem-de 2020-nji ýylda açylan metjidiň binasy şäheriň ajaýyplyklary hasaplanylýar.
“Türkmeniň ak öýi” binasy açylýar
Şu gezekki döredijilik forumyna gabatlanylyp, durmuş-medeni maksatly desgalaryň birnäçesi, şol sanda umumymilli we halkara ähmiýetli iri çäreleri geçirmek üçin niýetlenen “Türkmeniň ak öýi” binasy açylýar.
Şol gün irden bolsa, 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylmagy mynasybetli Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada köpöwüşginli dabara geçirildi. Bu ýere hökümet agzalary, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, welaýat häkimliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, Türkmenabadyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary ýygnandylar.
Medeniýet hepdeligine gatnaşýanlaryň hatarynda meşhur teatr artistleri, estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, muzeýdir kitaphana işiniň hünärmenleri, sazandalar, suratkeşler, şahyrlar, aýdym-saz hem-de meşhur folklor-etnografik toparlar bar.
“Gül-Bilbil” operasynyň ilkinji görkezilişi
Däp bolşy ýaly, hünär baýramçylygyna gabatlanylyp, Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda “Gül-Bilbil” atly opera sahnasy goýuldy. Ol ilkinji gezek Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň sahnasynda görkeziler. Öz nobatynda, bu teatr hem Medeniýet hepdeligine zehiniň hem-de sungatyň güýjüniň dabaralanýandygy barada gürrüň berýän “Saz rowaýaty” atly sahnany taýýarlady.
2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan meşhur ýerine ýetirijileriň we ýaş zehinleriň konsertleri, nakgaşlyk, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň hem-de neşir önümleriniň sergileri, filmleriň görkezilişi, şygryýet agşamlary, wideomaslahatlar hem-de döredijilik duşuşyklary türkmen medeniýetiniň dürli ugurlaryny beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin geljekde ýerine ýetirilmeli işleriň wajyp ugurlaryny kesgitlemäge şert döreder.