“Microsoft” kompaniýasynyň bazar nyrhy 2 trillion dollardan geçip, bu sepgide ýeten ikinji kompaniýa boldy. Mundan ozal 2018-nji ýylyň 2-nji awgustynda “Apple”-iň bazar bahasy 2 trillion dollardan geçipdi. Programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan “Microsoft” soňky ýyllarda rekord derejede ösdi. Kompaniýanyň pandemiýa döwründe “bulut” tehnologiýasyny kämilleşdirmegi we edara-kärhanalar üçin programma üpjünçiligini artdyrmagy girdejisiniň ýokarlanmagyna getirdi. Şu ýyl 19 göterim ösen kompaniýanyň ýyllyk ösüşi “Apple” hem-de “Amazon” kompaniýalaryndan ýokary boldy. Maýadarlar uzak möhletli ösüşe garaşýandyklary sebäpli emeli aň, “bulut” tehnologiýasy ýaly innowasion ugurlara has köp isleg bildirdiler. Şeýlelikde, “Microsoft”-yň paýnamalaryna isleg ýokarlandy. “Microsoft” “Apple” bilen bilelikde biržadaky paýnamalary iň işjeň kompaniýa hasaplanýar. Bu ugurda “Saudi Aramco” nebit-gaz kompaniýasy üçünji ýeri eýeleýär. Saud Arabystany kompaniýasy 1,9 trillion dollarlyk bazar nyrhy bilen bu sepgide iň golaý kompaniýa hasaplanýar.
1975-nji ýylda esaslandyrylan “Microsoft”-yň bazar nyrhy 2019-njy ýylda 1 trillion dollarlyk sepgide ýetipdi. Bu görkezijiniň iki esse artmagy bolsa, bary-ýogy iki ýylda bolup geçdi.