Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasyndaky şu ýylyň 15-nji dekabrynda duşuşyk geçiriler. Häzirki wagtda her iki tarapyň arasynda 30-a golaý taslamanyň üstünde iş alnyp barylýar. Şol taslamalaryň öňümizdäki aýda geçiriljek ýokary derejedäki rus-ýapon gepleşikleriniň çäklerinde tassyklanmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada Ýaponiýanyň söwda, ykdysadyýet we senagat hem-de Russiýa bilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ministri Hirosige Seko habar berdi.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe şu ýylyň maý aýynda Soçi şäherine amala aşyran saparynyň barşynda rus lideri Wladimir Putine rus-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüş maksatnamasy barada resminamalary gowşurypdy. Şol maksatnama esasynda iki ýurduň arasynda energetika, ykdysadyýetiň dürli ugurlary hem-de infrastruktura babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meýilleşdirilýär.
Ýapon ministriniň aýtmagyna görä, iki ýurduň degişli edaralary tarapyndan dürli geňeşmeler geçirilip, 30 taslama saýlanyp alyndy. Oňa her iki ýurduň işewürlerini çekmek göz öňünde tutulýar.