Bol­ga­ri­ýa­da pre­zi­den­ti we wi­se-pre­zi­den­ti saý­la­mak üçin ge­çi­ri­len saý­law­la­ryň ne­ti­je­sin­de, da­laş­gär­le­riň hiç bi­ri­si hem ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­di. Şo­nuň üçin ge­çen hep­dä­niň ýek­şen­be gü­ni, ýag­ny 6-njy no­ýabr­da ge­çi­ri­len saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry 13-nji no­ýabr­da gu­ra­lar. Ýur­duň ka­nun­çy­ly­gy­na gö­rä, ses be­riş­li­giň ikin­ji tap­gy­ry 7 gün­den soň­ra ge­çi­ril­ýär.
Ýur­duň 5-nji Pre­zi­den­ti şu hep­dä­niň ahy­ryn­da ge­çi­ril­jek saý­la­wyň jem­le­ri bo­ýun­ça mä­lim edi­ler. Oňa GERB par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri, par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy Ses­ka Sa­çew we BSP par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Ru­men Ra­dew gat­naş­ýar. Sa­çew ses­le­riň 21,5 gö­te­ri­mi­ne, Ra­dew bol­sa 24,6 gö­te­ri­mi­ne eýe bol­dy.
Üçün­ji or­ny 3 par­ti­ýa­nyň bi­le­lik­de hö­dür­län da­laş­gä­ri Kra­si­mir Ka­ra­ka­ça­now eýe­läp, 14,8 gö­te­rim ses al­dy. Işe­wür We­se­lin Ma­reş­ki 11,9 gö­te­rim ses alan hem bol­sa, beý­le­ki da­laş­gär­ler 10 gö­te­rim­den köp ses alyp bil­me­di.
Şeý­le hem saý­law­lar bi­len bir ha­tar­da sa­la-sa­lyş­lyk hem ge­çi­ril­di. Oňa saý­law­çy­la­ryň 49 gö­te­ri­mi gat­na­şyp, olar ýur­duň hö­kü­me­ti­niň äh­li tek­lip­le­ri­ni gol­da­dy­lar.
Saý­law gü­ni 12 müň saý­law uças­to­gyn­da ses be­riş­lik ge­çi­ril­di. Şeý­le hem Bol­ga­ri­ýa­nyň da­şa­ry ýurt­da­ky ra­ýat­la­ry­nyň saý­la­wa gat­naş­ma­gy üçin 71 döw­let­de 325 saý­law uças­to­gy dö­re­dil­di.