Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Te­re­za Me­ýiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da we­kil­çi­lik­li to­par Hin­dis­tan­da sa­par­da bol­dy. Bu sa­par Te­re­za Me­ýiň ýur­duň hö­kü­met baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­la­nan­dan soň­ra Ýew­ro­pa­nyň çä­gin­den da­şar­da­ky ýurt­la­ra ama­la aşy­ran il­kin­ji sa­pa­ry­dyr. Ol iki ýur­duň ara­syn­da­ky, esa­san hem, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hyz­mat ed­ýär.
Se­bä­bi Prem­ýer-mi­nistr Te­re­za Me­ýiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky to­pa­ryň dü­zü­min­de 33 iri kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de hal­ka­ra söw­da bo­ýun­ça mi­nistr Li­am Foks bar. Bu sa­pa­ryň esa­sy mak­sa­dy söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek­den yba­rat.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň hö­kü­met baş­tu­ta­ny­nyň Tä­ze De­li hem-de Ban­ga­lor şä­her­le­ri­ne ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di bi­len ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga sal­dam­ly go­şant bol­dy. Olar söw­da, ma­ýa go­ýum we beý­le­ki bir­nä­çe ugur­lar bo­ýun­ça gep­le­şik­ler ge­çir­di­ler.
Şeý­le hem ta­rap­lar şä­her­le­riň ös­dü­ril­me­gi bo­ýun­ça hin­di-bri­tan hyz­mat­daş­ly­gy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Bu tas­la­ma öňü­miz­dä­ki 5 ýy­lyň do­wa­myn­da bri­tan işe­wür­li­gi­ne 2 mil­liard funt ster­ling möç­be­rin­de gir­de­ji ge­ti­rer. Mun­dan baş­ga-da köp san­ly söw­da yla­la­şyk­la­ra gol çe­ki­lip, ola­ryň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da 1 müň 370 tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi mä­lim edil­di.
Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki hin­di-bri­tan gep­le­şik­le­ri­niň çäk­le­rin­de “Pand­rol Group UK” bi­len “Ra­hee Group”-yň ara­syn­da 1,2 mil­li­on funt ster­ling möç­be­rin­dä­ki tas­la­ma ba­bat­da yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Hin­dis­tan­da hä­zir­ki za­man za­wod gur­lup, on­da met­ro we de­mir­ ýol ul­ga­my­na de­giş­li tas­la­ma­lar ama­la aşy­ry­lar. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “Lyca Health UK” kom­pa­ni­ýa­sy Hin­dis­ta­nyň Çen­naý şta­tyn­da luk­man­çy­lyk yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­ni gu­rar. Bu tas­la­ma­nyň ba­ha­sy 15 mil­li­on funt ster­lin­ge ba­ra­bar­dyr.
Umu­man, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Te­re­za Meý hö­kü­met baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne baş­lan gü­nün­den bä­ri, esa­san hem, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýär. Ol de­kabr aýyn­da Pars aý­la­gyn­da­ky arap ýurt­la­ry­nyň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň dü­zü­min­dä­ki döw­let­le­riň ýol­baş­çy­la­ry bi­len du­şuş­mak­çy. Bah­reýn­de ge­çi­ril­jek du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­niň esa­sy ug­ry söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.