Howany hapalamakda hemişe awtoulaglar “günäkärlenýän” hem bolsa, gatnaw serişdeleriniň ählisi diýen ýaly kömürturşy gazyny howa goýberýär. Germaniýada işlenip düzülýän otly howany hiç hili hapalamaýanlygy bilen tapawutlanýar. “Coradia iLint” atly otly dolulygyna wodorod ýangyjy bilen işleýär. Ýurtda ýolagçy we ýük gatnawy üçin otlulardan giňden peýdalanylýar. Germaniýada dizel hereketlendirijili 4 müňden gowrak otly bar. Täze ulagyň şu ýylyň ahyrynda synagdan geçirilip başlanjakdygy mälim edildi. Ol indiki ýylyň ahyrynda hyzmata hödürlener. Ol, ilkinji nobatda, bary-ýogy 94 kilometrlik aralykda hereket eder. Soňra bolsa, beýleki otlularyň ýerine ulanylar.
Häzire çenli ýangyjyň bu görnüşi bilen işleýän başga ulaglar hem öndürildi. Wodorod bilen işleýän demir ýol serişdesini öndürmek üçin hem birnäçe synanyşyk edildi. Bu ugurda Hytaýda hem işler alnyp barylýar. Ýaponiýada bolsa, ýangyjyň bu görnüşiniň awtoulaglarda ýaýbaňlandyrylmagy üçin tagalla edilýär.