“Audi”-iň nusgawy modelleriniň biri bolan “Audi Quattro S1” -iň elektrik energiýasy bilen işleýän häzirki zaman görnüşi hödürlendi. 1980-nji ýyllarda öndürilen “Audi Quattro S1” modeli “E-Legend” atly nemes kompaniýasy tarapyndan täzeden işlenip düzüldi. Gysgaça “EL1” atlandyrylýan täze ulagyp 4 tigri birwagtda aýlanýar. Kuwwaty 816 at güýjüne barabar bolan ulag 0-dan 100 km/sagat tizlige bary-ýogy 2,8 sekuntda ýetýär. Ulagyň iň ýokary tizligi 255 kilometre deňdir. Kuwwaty 90 kWt bolan batareýasy bolan bu ulag doly zarýad berlende 400 km aralygy geçip bilýär. Kompaniýa EL1-den bary-ýogy 30-synyň öndüriljekdigini habar berdi. Şonuň üçin söwda markasy ulagyň bahasynyň 890 müň ýewro boljakdygyny aýdýar.