Bolliwudyň belli aktýorlaryndan, 1960-70-nji ýyllarda onlarça ilhalar meşhur filmleriň ýyldyzy Dilip Kumar 98 ýaşynda aradan çykdy. Gynançly filmlerdäki janlandyran keşpleri bilen “Tragediýanyň Şasy” adyny alan, şol sanda Bolliwudyň ilkinji Hany hökmünde görülýän Dilip Kumar 1922-nji ýylyň 11-nji dekabrynda şol wagtky Britan Hindistanynyň, häzirki Pakistanyň Peşawer şäherinde dünýä inýär. Asyl ady Mohammed Ýusuf Han bolan Kumar 22 ýaşynda, ýagny 1944-nji ýylda “Jwar Bhata” filmi bilen kino sungatyna aralaşýar. Kumar gynançly drama filmleri bilen adygýar. “Abraý” (Andaz, 1949), “Utanç nyşany” (Daag, 1952), “Buýsanç” (Aan, 1953), “Dewdas” (Devdas, 1955), “Azad” (Azaad, 1955), “Täze döwür” (Naya Daur, 1957), “Madhumati” (Madhumati 1958), “Beýik mogol” (Mughal-E-Azam, 1960) “Kohinur” (Kohinoor 1960), (Leader 1964), “Ram we Şiam” (Ram Aur Shyam, 1967), “Şakti” (Shakti, 1982) ýaly meşhur filmlerde surata düşdi. Soňky gezek 1998-nji ýylda “Qila filminde surata düşdi. Filmfare baýragyny 8 gezek gazanan Dilip Kumar 1994-nji ýylda hindi kino sungatynyň iň uly sylagy bolan Dadasaheb Phalke baýragyna laýyk görüldi. Ondan başga-da hindi kino sungatyna goşan uly goşandy üçin Padma Bhushan, Nishan-e-Imtiaz, Padma Vibhushan ordenleri bilenem sylaglanýar. Raj Kapur, Nargis, Dew Anand, Madhubala, Wijaýantimala, Nimmi, Mina Kumari ýaly ägirtler bilen birnäçe filmde bile surata düşen aktýor 65 töweregi kinoda keşp janlandyrdy. Raj Kapur, Dew Anand dagy bilen döwrüniň iň uly üç aktýory hasaplanýan Kumar 1966-njy ýylda özünden 22 ýaş kiçi Saira Banu bilen durmuş gurýar. Olaryň hiç hili çagasy bolmaýar. Ýurduň hem-de sebitiň çäginde bar bolan urdu, hindi, hindko, punjab, marati, iňlis, bengal, gujarat, peştu, pers dillerinde gürläp bilýän Dilip Kumar şu gün Mumbaýda düwnük keseli zerarly 98 ýaşynda aradan çykdy.