(Türk­men halk er­te­ki­si)
Bir bar eken, bir ýok eken. Ga­dym za­man­lar­da iki mer­gen bar eken. Ola­ryň iki­si hem my­da­ma bi­le da­ga gi­dip, be­lent ga­ýa­la­ryň ara­syn­da, gür to­kaý­la­ryň için­de aw aw­lar eken­i.
Olar bir ge­zek awa gi­den­le­rin­de bü­tin gün dag ge­riş­le­ri­niň ara­syn­da ge­zip, hiç aw tap­man, ha­lys ýa­dap­dyr­lar. Ag­şam ga­raň­ky dü­şen­de ýa­typ, ýa­ňy uka gi­den­le­rin­de, ola­ryň ýa­ny­na bir döw ge­lip:
– Ýe­ri, mer­gen­ler, siz bu ýer­de nä­me iş­läp ýör­sü­ňiz, bu ýer­de me­niň bar­ly­gym­dan ha­ba­ry­ňyz ýok­my? – di­ýip­dir.
Mer­gen­ler dö­wi gö­rüp, ga­ty gor­kup­dyr­lar.
– Siz gork­maň-da, ar­ka­ýyn gür­lä­be­riň, ni­ýe­ti­ňiz go­wy bol­sa, men si­ze deg­me­rin – di­ýip­dir.
– Biz dag­lar­da aw aw­lap, maş­ga­la­my­zy ek­le­ýä­ris, bu ge­ze­gem aw aw­lap, yn­ha, si­ziň me­ka­ny­ňy­za dü­şüp­di­ris. Bir çem­çe ga­ny­my­zy geçseňiz hem, geçmeseňiz hem öz yg­ty­ýa­ry­ňyz – di­ýip, mer­gen­ler jo­gap be­rip­dir­ler.
Bu­la­ryň ga­ryp­ly­gy­na dö­wüň re­hi­mi inip:
– Eý, mer­gen­ler, siz dün­ýä­de za­dyň gaý­gy­sy­ny et­mäň, men si­ziň ýa­ly ga­ryp-pu­ka­ra­la­ra zy­ýan et­män, gaý­ta kö­mek ed­ýän­di­rin – di­ýip­dir.
Şun­dan soň, mer­gen­le­r yn­ja­lyp, ga­tan çö­reklerini iýip, çaý içip bo­lup­dyr­lar we­lin, döw ola­ryň her bi­ri­ne bir göw­her da­şy­ny be­rip:
– Yn­ha, mer­gen­ler, şu­la­ry ba­za­ra el­tip sat­sa­ňyz, öm­rü­ňiz ötin­çä, si­ze ek­lenç bo­lar. Em­ma bu­la­ry ni­re­den al­dy­ňyz di­ýip, her kim so­ra­sa-da, aý­daý­maň, eger aý­daý­sa­ňyz, kel­lä­ňiz guw bo­lup uçup gi­der – di­ýip­dir.
Mer­gen­ler döw bi­len hoş­la­şyp, şä­he­re ge­lip­dir­ler. Bu­lar ba­za­ra ba­ryp, göw­her­le­ri­ni sat­mak­çy bo­lup­dyr­lar we­lin, şä­her adam­la­ry:
– Siz mu­ny ni­re­den al­dy­ňyz-da, ni­re­den al­dy­ňyz, bu­lar ýa­ly zat pa­ty­şa­nyň ha­zy­na­syn­dan baş­ga ýer­de bol­maz – diý­şip, go­wur tur­zup, bu ha­ba­ry pa­ty­şa ýe­ti­rip­dir­ler. Ol hem mer­gen­le­ri tu­tup ge­tir­dip­dir-de:
– Ýe­ri, mer­gen­ler, siz bu göw­her­le­ri ni­re­den ogur­lap al­dy­ňyz? – di­ýip so­rap­dyr.
– Pa­ty­şa­hym, biz ony hiç ýer­den ogur­lap alam­zok, ogur­lyk bi­ziň öm­rü­miz­de eden işi­miz däl­. Biz aw aw­lap gü­nü­mi­zi gör­ýä­ris, göw­her ge­rek bol­sa al, ýö­ne bi­ziň öl­me­gi­mi­zi is­le­me­ýän bol­saňyz, ony ni­re­den ala­ny­my­zy so­ra­maň – di­ýip, mer­gen­ler jo­gap be­rip­dir­ler.
Bu­la­ryň sö­zü­ne pa­ty­şa­nyň ga­ha­ry gir­re ge­lip­dir.
– Bulary derrew zyn­da­na taş­laň – di­ýip, ol hö­küm edip­dir.
Mer­gen­ler zyn­dan­da otyr­ka­lar, gi­jä­niň bir ma­ha­ly ýaň­ky döw ge­lip, bu­la­ry bo­şa­dyp­dyr-da:
– Eý, mer­gen­ler, siz hiç zat­dan gork­maň, ir bi­len ba­ryp, ba­zar­dan ge­rek za­dy­ňy­zy alyň-da öýüňize gaý­dyň. Eger pa­ty­şa si­zi ta­pyp, göw­her­le­ri ni­re­den ala­ny­ňy­zy gys­sap aýt­dyr­jak bol­sa, siz oňa:
– Pa­ty­şa­hy­myz, beý­le bol­sa, we­zi­ri­ňiz bi­len özü­ňiz yzy­my­za dü­şüň, göw­he­ri ta­pan ýe­ri­mi­zi gör­ke­ze­li – di­ýip, me­niň ýa­ny­ma ge­ti­riň – di­ýip­dir.
On­soň mer­gen­ler göw­her­le­ri sa­typ, ba­zar­dan ge­rek-ýa­rak­la­ry­ny alyp, öý­le­ri­ne gaý­dyp­dyr­lar.
Er­te­si pa­ty­şa­nyň nö­ker­le­ri zyn­da­nyň içi­ne se­ret­se­ler, mer­gen­le­ri tap­man­dyr­lar.
Olar der­rew mu­ny pa­ty­şa ha­bar edip­dir­ler. Pa­ty­şa ga­za­ba mü­nüp:
– Kim mer­gen­le­ri tu­tup ge­tir­se, py­lan­ça baý­ra­gy bar – di­ýip, jar çek­di­rip­dir.
On­soň pa­ty­şa­nyň adam­la­ry mer­gen­le­ri göz­läp baş­lap­dyr­lar. Er­te­si mer­gen­ler ba­za­ra bar­ýar­ka, ola­ry tu­tup­dyr­lar.
Pa­ty­şa ga­zap do­nu­ny ge­ýip:
– Hä­zi­riň özün­de göw­her­le­ri ni­re­den ala­ny­ňy­zy aýt­ma­sa­ňyz, to­hum-ti­ji­ňiz bi­len ýok ede­rin! – di­ýip­dir.
– Eý, pa­ty­şa­hy­myz biz aý­da­ly. Ol ýer­dä­ki göw­he­riň het­di ha­sa­by ýok. Özem şu şä­her­den uzak ýer­de däl. We­zi­riň bi­len yzy­my­za dü­şüň, hem aw ede­ris, hem göw­her­le­riň me­ka­ny­ny gör­ke­ze­ris – di­ýip­dir­ler.
Pa­ty­şa der­rew mer­gen­le­riň el-aýa­gy­ny bo­şat­dy­ryp, ýol şa­ýy­ny tu­tup­dyr-da, ýo­la dü­şüp­dir.
Döw hem bu­la­ryň gel­ýä­ni­ni gö­rüp, der­rew boý­nu­na al­tyn-kü­müş da­ky­lan bir to­par ke­ýik goý­be­rip­dir. Göw­her­le­ri bol­sa her ýer­de, her ýer­de üý­şü­rip go­ýup­dyr. Pa­ty­şa bi­len we­zir il­ki aw et­mek­çi bo­lup­dyr, em­ma ola­ra hiç zat duş­man­dyr, on­soň bir­den, ola­ryň gö­zi göw­her­le­re dü­şüp­dir.
Pa­ty­şa we­zi­re:
– Äl­he­pus, mu­nuň köp­dü­gi­ni, bi­ziň ýur­du­myz­da şun­ça baý­lyk bar­ka, biz mu­ny he­ni­ze de­ňiç bil­män­di­ris – di­ýip­dir.
Olar hor­jun­la­ry­ny göw­her­den dol­du­ryp­dyr­lar–da:
– Bu ýe­re, ýö­ri­te bir ker­wen ug­ra­da­ly, gel­ýän­çäk, mer­gen­le­ri ga­ra­wul go­ýa­rys- di­ýip, mas­la­hat edip­dir­ler.
Bu­lar hor­jun­la­ry­ny göw­her­den dol­du­ryp, tö­we­re­gi­ne se­ret­se­ler, boý­ny al­tyn-kü­müş­li ke­ýik­ler ge­zip ýö­ren eken. Pa­ty­şa bi­len we­zir ke­ýik­le­re ta­rap at goý­mak­çy bo­lan­da, bir ýer­den ga­ra at­ly döw peý­da bo­lup­dyr-da:
– Ýe­ri, za­lym pa­ty­şa, in­di öz ýur­du­ňy iýip doý­man, ýe­ne-de bä­rik ge­lip, ki­şi za­dyn­dan ogur­lyk et­mä­ge baş­la­dy­ň­my? – di­ýip, pa­ty­şa­ny bir eli bi­len, we­zi­ri hem bir eli bi­len gö­te­rip, at­dan dü­şü­rip­dir-de, öz ja­ýy­na ta­rap alyp ug­rap­dyr. Mer­gen­le­re bol­sa:
– Bu­la­ryň aty­ny mü­nüň­de gi­di­be­riň – di­ýip­dir.
Döw öýü­ne ba­ryp, pa­ty­şa bi­len we­zi­riň el-aýa­gy­na zyn­jyr sa­lyp­dyr-da:
– Ýe­ri, pa­ty­şa, sen me­niň mer­gen­le­ri­me nä­me azar ber­ýäň? Sen­den hem­me adam­lar dat ed­ýär. Men bu ga­ryp mer­gen­le­re döz­män, ola­ra iki sa­ny göw­her be­rip goý­ber­sem, sen ola­ry zyn­da­na sa­lyp, öl­dür­jek bo­lup ýör­süň. Ha­ny, in­di ile be­ren azarla­ry­ňy özü­ňem bir çe­kip gör, ajy­my­ka ýa-da süý­jü­mi­kä? – di­ýip, ola­ry ga­raň­ky ja­ýa dy­kyp­dyr.
On­soň döw mer­gen­le­riň bi­ri­ni pa­ty­şa­nyň, beý­le­ki­si­ni bol­sa we­zi­riň sy­pa­ty­na sa­lyp:
– Ba­ryň, in­di bu­la­ryň at­la­ry­ny mü­nüň-de pa­ty­şa­nyň tag­ty­na çy­kyp, tä men­den ha­bar bol­ýan­ça, hök­mü­ro­wan­lyk sü­rüň, ýö­ne ga­ryp-pu­ka­ra­la­ry yn­jyt­maň. Bu­la­ry goý­ber­jek wag­tym özüm öňün­den ha­bar ede­rin – di­ýip­dir.
Mer­gen­ler şä­he­re ge­lip, bi­ri pa­ty­şa, bi­ri we­zir bo­lup­dyr.
Ara­dan bir­nä­çe wagt ge­çen­soň, döw pa­ty­şa bi­len we­zi­ri bo­şa­dyp, ola­ryň her­si­ne bir gy­sym kü­müş teň­ňe be­rip­dir-de, maş­ga­la­la­ry­ny hem ge­ti­rip, ola­ryň goş-go­lam­la­ry­ny dört-bäş dü­ýä ýük­le­dip, uzak ýur­da ug­ra­dyp­dyr.
– In­di siz hem öz zäh­me­ti­ňiz bi­len ýa­şap gö­rüň. Em­ma do­la­nyp şu go­laý­la­ra dü­şäý­mäň. Eger ga­ra­ňy­zy gör­ke­zäý­se­ňiz, to­hum-ti­ji­ňiz bi­len ýok ede­rin – di­ýip, ola­ra berk tab­şy­ryp­dyr.
Ine on­soň iki mer­gen pa­ty­şa bi­len we­zi­riň ly­bas­la­ry­ny taş­lap, tä­ze ly­bas geýi­nip­dir­ler-de, öz maş­ga­la­la­ry­ny hem köş­ge ge­ti­rip, uzak wagt­lap ýur­da ada­lat­ly baş­tu­tan­lyk edip­dir­.