Meksikada gazuw-agtaryş işlerini geçirýän alymlar 95 million ýyl ozal ýaşap geçen balygyň daşa öwrülen galyndysyny tapdylar. Bu tapyndy ylym dünýäsi üçin örän ähmiýetli hasaplanýar. Sebäbi, bu suw jandarynyň dinozawrlaryň ýaşap geçen döwrüne degişlidigi anyklandy. Ýurduň Çýapas ştatyndaky daş çykarylýan şahtadan tapylan balygyň dinozawrlaryň ýaşan döwründe Amerika yklymynda ýaşandygy bellenilýär. Balygyň iki tarapynda tikenli ýüzgüçleri bar. Şeýle balyk häzire çenli ylym dünýäsinde hasaba alynmandyr. Meksikanyň Milli awtonom uniwersitetiniň paleoekologiýa boýunça hünärmeni Kleýton Magno Kantalise balyga “Choichix alvaradoi” diýip at berendiklerini we bu görnüşiň ylym dünýäsi üçin täze görnüşdigini belledi. Kantalise bu balygyň Meksika degişlidigini belläp, mundan ozal balyklaryň Ýewropadan getirilendigi we Meksika göçüp gelendikleriniň çaklanylýandygyny aýtdy. Alymyň sözlerine görä, indi balyklaryň hem bu ýerde owal-başdan ýaşandygy anyklandy.