Italiýanyň Ministrler Kabineti äpet ýolagçy gämileriniň Wenesiýa girmegini gadagan edýän kanuny tassyklady. Täze düzgüne görä, uly gämileriň 1-nji awgustdan başlap, Wenesiýanyň şäher merkeziniň golaýyna barmagy gadagan edilýär. Güýje giren kanuna görä, 25 müň tonnadan agyr we 180 metrden uzyn gämiler Wenesiýa aýlagyndaky Magera portuna baryp bilerler. Ýurduň hökümet başlygy Mario Dragi täze düzgüniň Wenesiýa aýlagynyň goralmagy üçin ähmiýetlidigini belledi.
Ýalpak suwlary bolan Wenesiýa adalary dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän nokatlarynyň biri hasaplanýar. Geçen ýyllaryň dowamynda bu ýere gelýän syýahatçylaryň azaldylmagy üçin goşmaça tölegler hem girizilipdi. Taryhy we tebigy ýadygärliklere baý bolan sebit ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilipdi. Şäher merkezinden has uzakda ýerleşýän Magera portunyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin 157 million ýewro bölünip beriljekdigi mälim edildi.