ABŞ-nyň Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri barmagy zynjyr ýaly örtýän dakynylýan enjamy oýlap tapdylar. Bu enjam deri elektrik energiýasyna öwürýär. Adatça, dürli maşklary etmäge niýetlenen sport esbaplary arkaly elektrik energiýasy öndürip bolýar. Bu enjmalar has köp hereket talap edýär. Emma täze enjam, hatda adam uklap ýatyrka-da, barmaklaryň ujundaky çyglylykdan elektrik öndürip bilýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, barmaklar adamyň beýleki synalaryndan 100-1000 esse köp der bölüp çykarýar. Enjamdaky “akylly” materialynyň kömegi bilen der geçirijiler tarapyndan ýygnalyp, gaýtadan işlenýär. Haçan-da adam derlände, enjam elektrik öndürip başlaýar. Enjamyň ululygy bir inedördül santimetre deň. Bu açyş barada “Joule” žurnalynda ylmy makala çap edildi. Onda meýletinçileriň enjamy barmaklaryna geýip uklamaklary arkaly barlag geçirilendigi bellenilýär. 10 sagat ukudan soň, toplanan energiýanyň bir goşar sagadyny 24 sagat işletmäge ýeterlikdigi anyklandy.