Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy, şeýle-de ýaşap geçen şahsyýetlerimiziň ömür ýoluny we amala aşyran işlerini öwrenmeklige hem-de ähli hakykaty bilen halka ýetirmeklige uly üns berilýär. Türkmen halkyny dünýä tanatmakda, ýurdumyzyň at-abraýyny dabaralandyrmakda uly işler bitiren taryhy şahsyýetlerimiz hakynda milli Liderimiz – Özleriniň ölmez-ýitmez ylmy-edebi mirasy bilen türkmen halkynyň ruhy dünýäsini äleme ýaýan akyldarlarymyzyň adyny, mertebesini şöhratlandyrmak, olaryň taryhdaky ornuna mynasyp baha bermek biziň mukaddes borjumyzdyr. Häzir milli mirasymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan akyldarlarymyzyň atlaryny ýüze çykarmak, olaryň döreden edebi-ylmy gymmatlyklaryny tapmak, öwrenmek, halka ýetirmek işleri özüniň aýdyň ýoluna düşdi – diýip, adalatly belläp geçýär. Şeýle şahsyýetleriň biri-de Muhammet Baýram han Türkmendir.
XVI asyrda Mogol imperiýasynyň (Owganystanda, Hindistanda, Pakistanda) dörän döwründe türkmenler häzirki Türkmenistanyň çäklerinde we onuň serhetlerinden daşarda-da döwlet gurupdyrlar. Baýram han bolsa ata Watanyndan uzakda ýaşan we halkyny meşhur eden türkmenleriň biridir. Onuň bilen bagly Mogol imperiýasynyň üç patyşasy barada ýazuw çeşmelerinde gymmatly maglumatlar saklanyp galypdyr. Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişori Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinde: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldi, çünki ol türkmendi» diýip belläpdir.
Baýram han Türkmen özüniň edebi-filosofiki döredijiligi, gaýduwsyzlygy, batyrlygy, ynsanperwer ýörelgesi bilen Orta Aziýa, Owganystan, Horasan, Eýran, Hindistan ýaly gadymy gündogar halklarynyň raýdaşlygyny üpjün edip, olaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösüşini, mizemez dostlugyň pugtalanmagyny gazanan şahsyýetdir. Asly türkmen bolup, Hindistanda kuwwatly döwlet döredip «han-hanan» («hanlaryň hany») adyna mynasyp bolan Baýram hanyň amala aşyran işleri diňe bir öz ýaşan döwri üçin ähmiýetli bolman, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň taryhynda, medeniýetinde öçmejek yz goýupdyr.
Baýram hanyň ylym-bilimini, durmuş tejribesini ile ýaýmak isländigine onuň köp sanly şygyr setirleri-de şaýatlyk edýär. Ol ähli ukyp-başarnygyny öz ogly Abdyrahyma siňdirmegi başaran akyldardyr. Şonuň netijesinde hem Baýram hanyň ogly bäş dilde goşgy ýazyp, Gündogar edebiýatynyň taryhyna Rahymy ady bilen giripdir. Ýeri gelende aýtsak, Abdyrahym Rahymynyň ömri we döredijiligi häzirki wagtda türkmen alymlary tarapyndan ürç edilip öwrenilip, gazet-žurnallaryň üsti bilen giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.
Muhammet Baýram han döredijilik işine ýaşlykda başlaýar. Onuň türki hem pars dilinde ýazan köp sanly gazallary, rubagylary, ferdiýat, kytgalary bar. Onuň «Fetihnama» atly öz harby ýörişlerini beýan edýän kitabynyň hem bolandygy çaklanylýar. Şeýle-de, hindi dilinde goşgular ýazandygy aýdylýar.
Muhammet Baýram hanyň «Saýlanan eserleri» 1970-nji ýylda ilkinji gezek Türkmenistanda neşir edildi. Bu ýygynda onuň pars hem türki dillerindäki goşgularynyň aglabasy girizilipdir.
Muhammet Baýram hanyň birnäçe ajaýyp goşgulary («Bahary gör», «Ýarmuhammet», «Tapylmas», «Bilmes men», «Saçyň», «Gözleriň») bize gelip ýetipdir. Olaryň köpüsi söýgi temasynda bolup, käbirinde bolsa batyrlygyň, gahrymançylygyň waspy duýulýar. Şeýle-de, adamkärçilik hakynda, dünýä, durmuş-ýaşaýyş dogrusynda pikir öwürýän filosofiki bentler hem bar.
Baýram han ajaýyp şahyr we beýik serkerde bolupdyr. Ol parasatlylyk, edermenlik, ygrarlylyk, ylym-bilimlilik ýaly sypatlary özünde jemläpdir. Bu beýik şahsyň 500 ýyllyk senesi 2000-nji ýylda Türkmenistanda, Hindistanda, Pakistanda uly dabara bilen bellenildi. Ýurdumyzda Baýram hana uly hormatyň nyşany hökmünde paýtagtymyzyň seýilgählerinde onuň heýkelleri oturdyldy. Harby bölümlere ady dakylyp, onuň diwany neşir edildi, şahsyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi.
Şu ýyl hem Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň guramagynda paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Owganystandan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Pakistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan diplomatlar we alymlar gatnaşdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda baý edebi we ruhy mirasymyzy, taryhda öçmejek yz galdyryp giden meşhur şahsyýetlerimizi öwrenmek, olaryň dünýäniň altyn hazynasyna peşgeş beren eserleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
Tyllagözel Garlyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.