Goýun ýüňi senagatymyz üçin gymmatly çig mal, ynsan saglygy üçin bolsa iň bir peýdaly serişde hökmünde ulanylýar. Goýunlar kada laýyklykda ýylda iki sapar gyrkylýar. Ýaz gyrkymy maý aýynda gyrkylyp, çeper elli gelin-gyzlarymyz ondan alnan ýüňden haly we haly önümlerini, jorap, guşak we beýleki önümleri ussatlyk bilen örýärler. Goýunlaryň güýz we ýaz ýüňleri biri-birinden tapawutlanýar. Ýaz gyrkymy örän ýumşak we süýüm taýdan uzyn bolanlygy üçin diňe örüm işleri üçin ulanylýar. Şonuň üçin gelin-gyzlarymyzyň dokan dürli görnüşli haly we haly önümleri örän zybalygy, owadanlygy bilen dünýäde tanalýar. Halynyň erişi üçin bolsa goçuň ýüňi has-da amatly bolýar. Çünki goçuň ýüňi örän uzyn we berk bolýar, şonuň üçinem goçuň ýüňi haly we haly önümlerini dokamak üçin eriş hökmünde ulanylýar.
Awgust aýynyň üçünji ongünlüginde goýunlaryň güýzki gyrkymyna başlanylýar we sentýabr aýynyň birinji ýarymyna çenli bu çäre geçirilip gutarylýar. Goýunlaryň güýz gyrkymyndan türkmenleriň iň gadymy el işleriniň biri bolan keçe taýýarlanylýar. Keçe türkmen zenanlarynyň köpasyrlyk tejribesini, gadymy däp-dessurlaryny, başarnygyny hem-de çeper döredijiligini özünde utgaşdyrýan halk senetçiliginiň eseri bolup, türkmen el halylary ýaly ata-babalarymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Türkmen keçesi hem edil halysy ýaly bahasyna ýetip bolmajak önümleriň biri hasaplanýar. Taryhçylaryň çaklamagyna görä, keçe ilki döräpdir. Şonuň üçinem halyny keçäniň üstünden ýazypdyrlar. Ir döwürlerde ata-babalarymyz ak öýleriň içini keçe bilen düşäp, gapdallaryny, üstüni keçe bilen örtüpdirler. Esasan-da, ak öýleriň üsti ak reňkli keçeler bilen örtülipdir. Şeýlelikde, keçe gadymy döwürde gyşyň aýazly günlerinde ak öýleri ýyly saklap, ynsanlar üçin ýylylyk we rahatlyk döredip, adamlaryň saglygyna oňyn täsirini ýetiripdir.
Keçeleriň döreýiş taryhynyň çuňlugy ýaly, onuň taýýarlanylyşy hem diýseň çylşyrymlydyr. Her keçe özüniň aýratyn bir özboluşlylygy, möçberi, hili we nagyşlary arkaly tapawutlanýar. Olary taýýarlamak üçin ussatlyk, ezberlik, irginsiz zähmet zerur. Keçäniň gülleri üçin goýunlaryň ýaz ýüňünden peýdalanylýar. Dürli görnüşli nagyşlary salmak üçin ýuwlan, saýlama ýüňler boýalýar. Tebigy boýaglara, ýagny dürli ösümlikleriň kökünden, gabygyndan, çöpünden taýýarlanan boýaglara boýalan ýüňler has owadan görünýär. Boýagyň suwuna reňkler garyşmaz ýaly zäk ýa-da duz atylýar. Häzirki günlerde biziň eli çeper gelin-gyzlarymyz ene-mamalarymyzdan miras galan keçelere döwrüň talaplaryna görä dürli nagyşlary salmakda özleriniň ussatlygyny görkezýärler. Bu bolsa ata-babalarymyzyň gadymy hünärleriniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Işeňňir zenanlarymyzyň irginsiz zähmeti bilen gül keşbine meňzäp duran keçeler ýurdumyzyň ähli ýerinde öýüň törüni bezeýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gelin-gyzlarymyzyň el işlerine uly üns berilýär. Olaryň çeperçilik bilen edýän döredijilik işlerine mynasyp baha berilýär. Dürli görnüşli bäsleşikler, sergiler guralýar. Bu bolsa gelin-gyzlarymyzyň gadymy el işlerine uly hormat goýulýandygynyň nyşany bolup durýar.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň
hünärmeni.