Daşky gurşawyň hapalanmagy döwrümiziň iň möhüm meselelerinden biridir. Bütin dünýäde ilatyň köpelmeginiň we senagatlaşmagyň täsiri sebäpli uly galyndy meseleleri ýüze çykyp, tebigata zyýanly täsirini ýetirýär. Plastik galyndylar tebigata iň zyýanly önümler hasaplanylýar. Bu galyndylaryň ýetirýän zyýany dünýäde ekologiýanyň deňagramlylygynyň bozulmagyna sebäp bolýar. Ýaşaýyş dünýäsi we ekologik deňagramlylygy saklamak üçin plastmassanyň tebigata taşlanmazlygy we gaýtadan işlenmegi örän möhümdir. Şol sebäpli dünýäde galyndylary gaýtadan peýdalanmak üçin dürli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Gaýtadan işlemegiň ähmiýeti
Her ýyl dünýäde 300 million tonna plastmassa öndürilýär. Bu plastmassalaryň ep-esli bölegi deňze we tebigata taşlanýar. Topraga düşen plastmassanyň dargamagy üçin 400 ýyl gerek bolýar. Suwa düşen halatynda bolsa bu has uzaga çekýär. Plastmassa, kagyz, alýumin, aýna, batareýa, motor ýagy, organik galyndylar, elektron galyndylar we akkumulýatorlar gaýtadan ulanylýan materiallar hasaplanýar.
Galyndylaryň daşky gurşawa täsiri
Plastmassanyň tebigata zyňylmagy howanyň hapalanmagy, global ýylylyk, ýerasty suwuň hapalanmagy, ösümlikleriň guramagy, ýangyn we partlamalar ýaly hadysalara ýol açyp bilýär. Gaýtadan ulanmagy mümkin bolan galyndylary dürli fiziki we himiki prosesler arkaly ikinji derejeli materiallara öwürmek we tebigata zyýan ýetirmezlik üçin önümçilige täzeden girizmek zerurdyr. Mysal üçin, kagyz we plastik çüýşeler daşky gurşawa zyňylmazdan gaýtadan işlenilýär. Galyndylary daşky gurşawa taşlamagyň ýerine gaýtadan işlemek daşky gurşaw üçin hem, energiýany tygşytlamak üçin hem möhümdir. Bu iş tebigy baýlyklary we energiýa çeşmelerini gorap biler. Şeýle edilen halatynda galyndylaryň mukdary azalýar. Mundan başga-da, zyňyndylar çig mal serişdesi bolup, ykdysadyýete hem goşant goşýar. Bu bolsa, galyndylaryň mukdaryny azaltmaga we çeşmeleriň sarp edilmegini çäklendirmäge ýardam edýär.
Plastmassany gaýtadan ulanmaga täze çözgütler
Plastmassa zyňyndylaryny gaýtadan ulanmak üçin dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Plastmassa galyndylar himiki serişdeleriň guýulýan gabyny öndürmekde, dokma, awtoulag senagatynda we beýleki pudaklarda giňden ulanylýar. Käbir ýurtlarda asfalta garylýar. Plastmassa asfalta garylan ýagdaýynda onuň taýgaklygyny hem azaldýar. Plastmassa zyňyndylaryny azaltmak, olary gaýtadan peýdalanmak üçin täze açyşlar edilýär. Golaýda hünärmenler biologik taýdan dargap bilmeýän we plastmassalary eredip biljek ferment döretdiler. Şoňa görä, plastiki önümleri «PETase» atly fermentiň kömegi bilen birnäçe günüň içinde dargatmak mümkin. Mundan başga-da, Ýaponiýadaky ýüze çykarylan başga bir ferment tebigatda bar bolan ähli PET-i «iýýän» bakteriýadyr. «Ideonella sakaiensis» atly bakteriýa bolsa, plastmassany iýmit hökmünde ulanýar. Barlag geçirijiler bu görnüşi 2016-njy ýylda port şäheri Sakaide plastmassany gaýtadan işleýän desgada tapdylar. Plastmassanyň tebigatda bary-ýogy 50 ýyl bäri bardygyny aýdýan hünärmenler, häzirlikçe, şeýle bakteriýanyň köpelmegine bu ýagdaýyň çözgüdi hökmünde garalýandygyny aýdýarlar. Şeýle hem suwda ýaşaýan käbir organizmler nebit galyndysyny iýýär. Bu organizmler nebitiň deňiz suwuny hapalan ýerlerinde birnäçe gezek ulanyldy.
Tebigaty arassa saklamak ählimiziň borjumyzdyr.