ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Donald Tramp 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda kasam kabul edip, resmi taýdan täze wezipesine girişer. ABŞ-nyň meşhur we dünýä belli “The Wall Street Journal” gazeti ýurduň nobatdaky döwlet Baştutany bilen söhbetdeş boldy. Şonda ol wezipesiniň ilkinji hepdesinde amala aşyrjak maksatlary barada durup geçdi.
Donald Tramp şu ýylyň 8-nji noýabryndaky saýlawda ýeňiş gazandy. Saýlaw wekilleriniň resmi ses bermek çäresi 19-njy dekabrda geçiriler we 2017-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ýurduň Kongresi onuň netijelerini tassyklar. Täze saýlanan Prezidentiň kasam kabul ediş dabarasy 20-nji ýanwarda geçiriler.
Donald Tramp döwlet baştutany wezipesine girişenden soňra saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, täze iş orunlaryny döretmek, serhetde howpsuzlygy berkitmek, salgyt ulgamynda özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýaly işleri amala aşyrmagy maksat edinýän esasy wezipeleriniň hatarynda görkezdi.
Mundan başga-da ol täze wezipesiniň ilkinji hepdesinde maliýe institutlarynyň işlerine seretmegi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi. Şeýle hem ol ýurduň serhediniň howpsuzlygy meselesi barada hasabat aljakdygyny belläp geçdi.
Donald Tramp täze iş orunlarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, tutuş ýurt derejesinde infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly bu meseläni çözmegi maksat edinýändigini aýtdy. Şol bir wagtda halkara söwda ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilişini çaltlandyrjakdygyny habar berdi.
Ak Tamyň täze ýolbaşçysy Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Rus Lideri ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampy ýene-de bir gezek gutlap, iki ýurduň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdi.