Moldowanyň Sosialistik partiýasynyň Başlygy Igor Dodon geçirilen saýlawlaryň netijesinde, Moldowanyň nobatdaky Prezidenti wezipesine saýlandy. Ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatyna görä, prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda Igor Dodon sesleriň 53,12 göterimine eýe boldy. Ol şu ýylyň 13-nji noýabrynda geçirilen ýurduň iň uly syýasy çäresiniň – prezident saýlawynyň netijesine görä, Moldowanyň garaşsyzlygyny gazanandan bäri 5-nji döwlet Baştutany boldy. Onuň esasy bäsdeşi Maýýa Sandu bolsa, 46,88 göterim ses almagy başardy.
Umuman, Moldowadaky saýlawa 1 million 603 müň saýlawçy gatnaşdy. Igor Dodondan ozal, Mirçi Snegura, Petra Luçinskiý, Wladimir Woronin we Nikolaý Timofti prezidentlige saýlanypdy.
Şu gezek ýurtdaky prezident saýlawy uzak ýyllardan soňra täzeden halkyň gatnaşmagynda geçirildi. 20 ýyldan soňra Parlament respublikasy hasaplanýan Moldowada ählumumy saýlawlar geçirildi.