Braziliýanyň San-Paulu şäherinde geçirilen halkara awtoulag sergisine dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary gatnaşyp özleriniň täze modellerini köpçülige görkezdi. 1960-njy ýyldan bäri geçirilýän çäre Günorta Amerikanyň iň uly awtoulag sergisi hasaplanýar. Şu aýyň 11-20-si aralygynda geçirilýän sergide dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň 500 töwereginiň täze modeli görkezildi. Günorta Koreýanyň “Hyundai” kompaniýasy hem täze modellerini köpçüligiň dykgatyna ýetirdi. “Hyundai” soňky ýyllarda pikap ulaglarynyň önümçiligine has köp üns berýär. Soňky iki ýylyň dowamynda ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglar bazaryndan has köp paý almagyň aladasyny edýän kompaniýanyň täze pikapy sport ulagyny ýada salýar. San-Pauluda geçirilen halkara awtoulag sergisinde köpçülige görkezilen nusgalyk görnüşdäki “Creta STC” ulagynyň uzynlygy 4,65 metre, ini 1,85 metre we beýikligi 1,63 metre barabar. “Hyundai” ulagyň tehniki aýratynlyklary barada habar bermedi. Ulagyň benzinli hereketlendirijisiniň göwrüminiň 1,6 we 2,0 litrlik görnüşleri bar. Dizel hereketlendirijisiniň bolsa, 1,4 we 1,6 litrlik görnüşleri bar. “Hyundai”-yň bu ulagyny satuwa çykarmagy bilen bäsdeşligiň artmagyna garaşylýar. Ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglar awtomobilleriň örän az bölegini emele getirýär. Muňa garamazdan, soňky ýyllarda dürli ululykdaky pikap we SUV ulaglaryny öndürýän kompaniýalaryň sany barha artýar.