Eýran Yslam Respublikasy 2020-nji ýylda nebitiň çykarylyşyny bir gije-gündizde 5,7 million barrele ýetirmegi maksat edinýär. Bu barada ýurduň nebit ministriniň halkara söwda işleri boýunça orunbasary Amir Zamani Niýýa habar berdi. Ol halkara nebit-gaz maslahatynda eden çykyşynda Eýranyň nebit pudagyny ösdürmäge degişli ileri tutulýan maksatnamalar barada gürrüň berdi.
Ýurduň milli nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ali Kardor häzirki wagtda öndürilýän nebitiň mukdarynyň bir günde 4 million barrele deň bolýandygyny mälim etdi. Şeýlelikde, Eýran “gara altynyň” önümçiliginde täze sepgitlere ýetmek üçin uly tagalla edýär.
2017-nji ýyldan başlap, Eýran Yslam Respublikasy daşary ýurtlardan benzin import etmegi bes eder. Bu barada ýurduň milli nebiti gaýtadan işleýän we ýerleşdirýän kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri Abbas Kazemi habar berdi.
– Ýurduň çäginde hereket edýän nebiti gaýtadan işleýän taslamalaryň ýagdaýyna seredip, şu ýylyň nebit importy üçin iň soňky ýyl boljakdygyny aýdyp bileris. Indiki ýyldan deňiz portlaryndan benzin düşürmek işi bes ediler – diýip, Abbas Kazemi gürrüň berdi.
Onuň aýtmagyna görä, şu ýylyň başlarynda import edilýän bir gündäki benziniň möçberi 10-12 million litre deň bolýan bolsa, häzirki wagtda bu görkeziji 4,5-5 million litre çenli azaldyldy.
Fransiýanyň “Total” hem-de Hytaýyň CNPC kompaniýalary Eýranyň tebigy gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin bilelikde hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar. Bu babatda degişli ylalaşygyň gazanyljakdygy habar berildi. Maglumatlara görä, dünýä belli nebit-gaz kompaniýalary Eýranyň Günorta Pars käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi üçin tagalla eder.
Eýran Yslam Respublikasy Günorta Pars ýatagyndan bir gije-gündizde 420 million kubometr tebigy gaz öndürýär. Bu gaz käni tapgyrma-tapgyr özleşdirilýär. Onuň her haýsyndan bir gije-gündizde 25 million kubometr gaz çykarylýar. 2017-nji ýylyň awgustynda onuň birnäçe tapgyry işe giriziler we bu ýerden bir gije-gündiziň dowamynda 700 million kubometr tebigy gaz hem-de 1 million barrel gaz kondensaty öndüriler.
Günorta Pars ýatagynyň gory 30 trillion kubometr tebigy gaza we 18 milliard barrel kondensata deňdir. Ol 9,7 müň inedördül kilometr meýdany eýeläp, 3,7 müň inedördül kilometri Eýranyň Pars aýlagyndaky territoriýasynda ýerleşýär. Ol 29 tapgyra bölünendir. Gaz käniniň beýleki bölegi Katar döwletine degişlidir.
Eýran Yslam Respublikasyna Günorta Pars käniniň özleşdirilmegi üçin 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum gerek. Şonuň üçin bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.