“Dell” kompaniýasy ABŞ-nyň käbir ştatlarynda kabul edilen täze düzgün sebäpli şol ýerlerde kompýuter satuwyny azaltmaly bolar. Kaliforniýada we beýleki bäş ştatda güýje giren kanun kompýuterleriň energiýa sarp edilişiniň täze standartyny kesgitledi. Şeýlelikde energiýa sarp edişiniň netijeliligi pes bolan kompýuterleriň satuwy gadagan edildi. Bu standarta “Dell”-iň oýun oýnamaga niýetlenen käbir kompýuterleri gabat gelmeýär. Mälim bolşy ýaly oýun kompýuterleri has köp energiýa sarp edýär. Kompaniýa wideooýunlarynyň täze grafikalaryny üpjün etmek üçin güýçli komponentleri ulanýar. Bu komponentler ortaça kompýuterden has köp elektrik sarp etmegine sebäp bolýar. “Dell” Kaliforniýadan başga-da, Kolorado, Gawaýi, Oregon, Wermont we Waşington ştatlarynda müşderilere önüm ibermejekdigini aýtdy.

Täze standartlaryň howanyň üýtgemegine sebäp bolýan gazlaryň howa goýberilişini azaltmaga, şeýle hem sarp edijiler üçin elektrik togunyň arzanlamagyna kömek etjekdigi bellenilýär.