Adamlaryň aglaba bölegi öý haýwanlaryny saklamagy, olara ideg etmegi, günüň belli bir bölegini şolar bilen geçirmegi halaýar. Bu jandarlary käte öz islegimize görä, käte hem maşgalanyň beýleki agzalarynyň islegine görä saýlaýarys. Her niçik hem bolsa bu uly jogapkärçilik talap edýän işdir. Öý haýwanlaryny saklamagymyz üçin olara ideg ediliş usullaryny, olaryň tebigy häsiýetlerini, aýratynlyklaryny bilmegimiz gerek. Ýogsam bu ýagdaýyň ýaramaz netijelere getirmegi ahmal. Gazetimiziň şu sanynda şeýle jandarlar barada birnäçe maglumatlary size ýetirýäris:
Itler. Bu jandarlar adamyň iň wepaly dostlarynyň biri hasaplanýar. Şeýle bolansoň öý haýwanlarynyň içinde iň köp ideg edilýäni itlerdir. Has irki döwürlerde eldekileşdirilen bu jandarlar adamzadyň ýakyn hemrasyna, öýüniň goragçysyna, dostuna öwrülipdir. Itleriň birnäçe tohumy bolup, olaryň käbiri öý şertlerinde, käbiri hem howluda ýörite ýataklarda saklanýar. Bu tohumlaryň arasynda türkmen alabaýy, nemes owçarkasy, buldog we başga-da birnäçe görnüşleri has giň ýaýrandyr.
Pişikler. Dünýä ýurtlarynyň aglabasynda öý şertlerinde dürli görnüşli janly-jandarlary saklamak, olara ideg etmek adaty ýagdaýa öwrülipdir. Çeýe bedeni, ýiti dyrnaklary we dişleri bilen tapawutlanýan pişikler hem şeýle jandarlaryň biridir. Haýwanat dünýäsinde aýratyn maşgalany emele getirýän pişikleriň diýseň köp görnüşi bar. Hatda ýabany tebigatyň «şasy» hasaplanýan ýolbarslar, gaplaňlar hem pişikler maşgalasyna degişlidir.
Balyklar. Öý şertlerinde iň az zähmeti talap edýän jandarlaryň biri hem balyklardyr. Olar ululygyna görä dürli akwariumda saklanylýar, her günde iki wagtyna – irden we agşam iýmitlendirilýär. Akwariumyň suwuny wagtly-wagtynda täzelemek hökmanydyr! Öý şertlerinde balyklaryň iň köp saklanýan görnüşi altynsow balyklardyr.
Guşlar. Irki wagtlarda öýde diňe aw guşlary ýa-da azyk önümleri üçin towuk, ördek we ş.m. guşlar saklanan bolsa, häzirki wagtda başga-da owadan we täsin bolan guşlaryň birnäçe görnüşine ýörite kapasalarda ideg edilýär. Olara ideg etmek juda kyn hem däl. Ýerleşdirilen kapasasyna olar üçin niýetlenen iým, kiçijik gapjagazda suw, üstüne gonup bilmegi üçin «hiňňildik» ýeterlikdir. Elbetde, arassaçylyk hemme ýerde we hemişe zerur. Şonuň üçin wagtal-wagtal guşlary hem kapasasyndan çykaryp, arassaçylyk işlerini geçirip durmaly.
Towşanlar. Adaty durmuşy ýabany tebigat bilen bagly bolsa-da, häzirki wagtda towşanlary hem öýünde ýa-da howluda saklap, ideg edýän adamlar bar. Towşanlar diýseň tiz köpelýän we her gezekde birnäçe nesil bermäge ukyply bolan jandarlardyr. Olar, esasan, käşir, kelem we otlar bilen iýmitlenýärler, emma çörek bilen iýmitlendirilýän ýagdaýlaryna hem duş gelmek mümkin. Olary öz göwresinden dört esse we boýundan üç esse uly kapasalarda saklamak hökmanydyr. Ýeri gelende bellesek, towşanlaryň eti diýseň lezzetli we ýokumlydyr.