Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň parasatly baştutan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­tyn­da jem­gy­ýe­ti­miz­de me­de­ni­ýe­tiň we sun­ga­tyň ös­dü­ril­me­gi­ne, mil­li mi­ra­syň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi­ne, onuň aýaw­ly sak­la­nyp, gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Dün­ýä­niň çar kün­jü­ne ýaý­ran ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry tür­ki halk­la­ryň hem aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň aý­ryl­maz bir şa­ha­sy bo­lup dur­ýar. Türk­men hal­ky­nyň saz me­de­ni­ýe­tin­de aý­ra­tyn orun eýe­le­n bu saz gurallary kä­mil­leş­me­giň uzak men­zil­le­ri­ni ge­çip, adam­zat ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len il­kin­ji saz gu­ral­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Häzir­ki sim­fo­ni­ki or­kestr­le­riň hiç bi­ri­si hem ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry­nyň owaz­la­ryn­dan daş­da dur­ma­ýar. Ga­dy­my dö­wür­ler­den hä­zir­ki gün­le­re çen­li ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry sa­zan­da­la­ry tä­ze owaz­la­ry göz­le­mä­ge ruh­lan­dyr­dy. Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de äh­li owaz­lar eşi­di­lip, äh­li saz­lar eý­ýäm ça­ly­nan ýa­ly gö­rün­se-de, adam­zat has çyl­şy­rym­ly saz­la­ry çal­ma­gyň üs­tün­de iş­le­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da hang we glýu­ko­fon ýa­ly köp san­ly saz gu­ral­la­ry ses sin­te­zi ug­run­da­ky bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de peý­da bol­ýar. Ýaň­lan­ýan bir za­dy ur­mak ýa-da san­dy­rat­mak ar­ka­ly ses ön­dür­ýän saz gu­ral­la­ry to­pa­ry­na ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry di­ýil­ýär. Adam­zat ta­ry­hyn­da ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry beý­le­ki saz gu­ral­la­ryn­dan has ir ýü­ze çy­kyp­dyr. Il­kin­ji ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ryn­dan bi­ri bo­lan ga­dy­my dep­rek­ler hä­zir­ki za­man gu­ral­la­ryn­dan on­çak­ly ta­pa­wut­lan­ma­ýar. Dep­rek özü­niň gur­lu­şy bo­ýun­ça memb­ra­na­la­ry dart­dy­ry­lan içi boş gap­dyr. Dep­re­giň umu­my gur­lu­şy üýt­ge­mändir. Ir za­man­lar­da ony ýa­sa­mak üçin haý­wan de­ri­si ula­ny­lan bol­sa, bi­ziň gün­le­ri­miz­de onuň ýe­ri­ne po­li­mer bir­leş­me­le­ri ula­nyl­ýar. Dünýä halk­lary öz ta­ry­hy­nyň bü­tin do­wa­myn­da dür­li-dür­li ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry­ny dö­redip­dir­ler.
XX asyr­da et­nog­ra­fi­ýa, akus­ti­ka hü­när­men­le­ri, sa­zan­da­lar we kom­po­zi­tor­lar et­nik ýa-da ret­ro sti­li­niň mo­da­sy­na hor­mat hök­mün­de ga­dy­my gu­ral­la­ra ýüz tut­ýar­lar. Af­ri­ka ritm­le­ri­ne bo­lan gy­zyk­lan­ma we ka­ky­lyp ça­lyn­ýan dür­li saz gu­ral­la­ry­nyň to­pa­ry­ny ulan­mak ýö­rel­ge­si dür­li dep­rek­le­riň to­pa­ry­ny dö­ret­mek ugrundaky sy­nag­la­ra se­bäp bol­updyr. Şonuň netijesinde hem bas dep­rek, aýak pe­dal­ly dep­rek, ki­çi­jik dep­rek­ler, uly as­ma disk­ler we beý­le­ki­ kom­bi­na­si­ýa­lar giň­den ýaý­ra­dy. 1930-njy ýyl­lar­da ül­ňü­le­re la­ýyk dep­rek top­lu­my hä­zir­ki za­man gör­nü­şi­ne eýe bol­dy. Dep­gi­ni çalt­laş­dyr­mak üçin gur­lu­şy bo­ýun­ça has çyl­şy­rym­ly en­jam­lar peý­da bol­dy. Ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry­ny ös­dür­me­giň ýe­ne bir ug­ry bol­sa, elekt­ron ses ul­ga­myn­da­ky bar­lag­lar bol­dy. Hu­su­san-da, ses­le­ri ada­ty gör­nüş­ler­de el­ýe­ter­li bol­ma­dyk elekt­ro dep­rek­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri dö­re­dil­di.
1990-njy ýyl­lar­da il­kin­ji dep­rek en­jam­la­ry – ritm şe­kil­le­ri­ni bir­nä­çe ge­zek prog­ram­mir­läp we ça­lyp bil­ýän en­jam­lar peý­da bo­lup baş­la­dy. Bu gu­ral tä­ze saz ugur­la­ry­nyň ös­me­gi­ne uly go­şant goş­dy we tä­ze saz gu­ral­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne yl­ham ber­di. Şeý­le gu­ral­la­ryň bi­ri hem «Hang» diýlip at­lan­dy­ry­lyp, ol 2000-nji ýyl­da per­kus­si­ýa bo­ýun­ça hü­när­men­ler Fe­liks Roh­ner we Sa­bi­na Şe­rer ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­py­lan hä­zir­ki za­man ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ra­ly­dyr. Gu­ra­lyň meş­hur­ly­gy ar­typ, bü­tin dün­ýä­de onuň birnäçe nusgasy dö­re­di­lip baş­lan­dy. «Hang»-yň he­re­ket ýö­rel­ge­si­ne meň­zeş gu­ral­la­ryň ara­syn­da 2005-nji ýyl­da dö­re­di­len «Glýu­ko­fon» uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy.
Şeýle-de et­no gu­ral­lar, my­sal üçin, «Ýa­gyş ha­sa­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan «Rains­tick» ýy­gy-ýy­gy­dan ula­nyl­ýar. Bu gu­ra­l XX asy­ryň or­ta­la­ryn­dan Ek­wa­do­ryň we La­tyn Ame­ri­ka­sy­nyň çäk­le­rin­de giň meş­hur­lyk ga­zan­dy. Bu gu­ral ýa­g­şyň se­si­ni we su­wuň şag­lap ak­ýan se­si­ni dö­red­ýär. Ada­ty bol­ma­dyk saz gu­ra­ly «Marb­le Machi­ne» hem 2014-nji ýyl­da Win­ter­ga­tan to­pa­ry­nyň sa­zan­da­la­ry­nyň bi­ri ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­pyl­dy. Gu­ral wib­ra­fon, me­ta­lo­fon, dep­rek, bas gi­ta­ra we kä­bir beý­le­ki saz gu­ral­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da döw­re­bap elekt­ron gu­ral­la­r bi­len iş­le­mek üçin tä­ze bi­lim­ler we tej­ri­be­ler ze­rur bo­lup, aw­tor­la­ryň öňün­de tä­ze me­se­le­ler peý­da bol­ýar. Elekt­ron se­si gaý­ta­dan iş­le­me­giň kö­me­gi bi­len se­siň do­wam­ly­ly­gy­ny üýt­ge­dip, dür­li ge­lip çy­kyş­ly ses­le­ri sep­läp bol­ýar. ХХ we ХХI asyr­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň kö­me­gi bi­len sun­ga­tyň tä­ze gör­nüş­le­ri we žanr­la­ry peý­da bol­ýar, tä­ze ugur­lar ýü­ze çyk­ýar, ýö­ne adam­zat ta­ry­hy­nyň iň ga­dy­my hem­ra­la­ry bo­lan ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry özü­niň äh­li üýt­geş­me­le­ri bi­len bir­lik­de, ga­dyr-gym­ma­ty­ny sak­la­ýar. Şu gün­ki gün­de ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry­nyň köp san­ly gör­nü­şi bo­lup, olar barha kämilleşdiril­ýär. Sungat ussatlary hem ata-ba­ba­la­ry­my­zyň miras galdyran ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip hem-de täze-täze eserleri döredip sungatyň bu görnüşini dowam etdirýärler.

Al­la­my­rat DURDYGYLYJOW,
Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň
ýa­nyn­da­ky ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­dep-in­ter­na­ty­nyň di­rek­to­ry­nyň
saz bölümi boýunça orun­ba­sa­ry.