Süňklerimiziň we bogunlarymyzyň sagdyn bolmagy üçin zerur minerallaryň biri hem kalsiý bolup, ol esasan, süýt önümlerinde saklanýar. Kelem hem düzüminde kalsiý saklaýan bakja önümi bolup, onuň düzüminde С witamini, şeýle-de birnäçe witamin bar. Kelemiň islendik görnüşinde kalsiý bolup, lukmanlar bu önümi iýmit sanawyňyzdan aýyrmazlygy maslahat berýärler. Ter kelemde kalsiý we beýleki peýdaly maddalar has köp saklanyp, ony çig görnüşinde iýmek has-da peýdalydyr. Mundan başga-da, injir düzüminde has köp kalsiý saklaýan miweleriň biridir. Şeýle hem bu miwäniň düzüminde gan aýlanyşygy üçin zerur bolan demir bar. Kädi hem beden üçin zerur bolan kalsiý, kletçatka ýaly minerallara baýdyr. Şeýle hem ysmanak düzüminde ýokary mukdarda kalsiý saklaýar.