Norwegiýanyň “Nordic Unmanned” kompaniýasy demir ýollary barlamak üçin uzakdan dolandyrylýan sürüjisiz uçar ýasady. “Staaker BG-300” atly howa gämisi otly geçmänkä demirýol düşegini çalt barlap bilýär. Dört tigirli uçar ýangyç dwigitelleri bilen işläp, sagatda ortaça 20 kilometre çenli tizlik bilen hereket edýär. “Staaker BG-300” kysymly uçaryň güýç ätiýaçlygy 200 kilometre çenli bolup, operatorlara maglumatlary geçirip, ýollaryň ýagdaýyna baha bermek üçin kameralary we dürli sensorlar ulanýar. Şeýle hem enjam zerur bolan ýagdaýynda awtonom tertibine geçirilip, ýol düşelgelerini ýaglamaga hem ukyplydyr. Kompaniýa 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Ýewropa ýurtlarynyň birinde sürüjisiz uçary täjirçilik taýdan ulanmaga başlamagy meýilleşdirýär.