Formula 1 boýunça möwsümiň 12-nji ýaryşy Belgiýada geçirilmelidi. Ýöne güýçli ýagan ýagyş sebäpli ýaryş geçirilmedi. Ilki başda 3 sagat soňa süýşürilen bäsleşik FIA-nyň gelen netijesi boýunça iň bolmanda bir sagatlyk ýaryş geçirilmeli edildi. Howpsuzlyk ulagynyň gözegçiliginde trassa çykan sürüjiler 2 aýlawdan soň ýagşyň güýjüniň peselmändigi sebäpli ýaryş ýatyryldy. Şeýlelikde, sürüjilere ýaryşyň ýarysy tamamlanan ýagdaýynda berilýän utuklar, ýagny adaty ýagdaýdaky utuklaryň ýarysy berildi. Saýlama tapgyrynda öňdäki 3 orny eýelänler münbere çykyp, Red Bulluň niderland sürüjisi Maks Werstappen 12,5 utuk, Williams toparynyň britan piloty Jorj Rassel 9, Mercedes toparynyň britan sürüjisi Lýuwis Hamilton 7,5 utuk aldy.
Umumy sanawda Hamiltonyň 202,5 utugy bolup, ol birinji orny eýeleýär. Ondan 3 utugy az Werstappen 2-nji (199,5 utuk) hem-de Lando Norris 113 utuk bilen 3-nji orunda barýar.
Möwsümiň 13-nji ýaryşy 5-nji sentýabrda Niderlandlarda geçiriler.