Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda uly ýaşly ilatyň 70 göteriminine koronawirus sanjymy edilendigi mälim edildi. Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen sebitiň ilatynyň 70 göteriminiň Covid-19-a garşy dolulygyna sanjym edilendigini mälim etdi. Şeýlelikde, sebit ýylyň başynda goýan maksadyna wagtynda ýetmegi başardy. Lýaýen bu üstünlige ýetmäge goşan goşanlara minnetdarlygyny bildirip, has öňe gidilmelidigini belledi. Bu barada sosýal torundaky hasabyna ýazan Lýaýn has köp ýewropalynyň sanjym edilmelidigini we dünýäniň beýleki ýerlerindäki sanjyma hem kömek berilmelidigini aýtdy. Ol Ýewropa Bileleşiginiň elinden geleni edýändigini we hyzmatdaşlaryny goldamaklaryny dowam etdirjekdiklerini belledi.