Gün­de­lik dur­mu­şy­my­za haý­sy­dyr bir ma­ny ber­ýän aň­lat­ma di­ňe söz­ler bi­len däl, eý­sem, dür­li bel­gi­ler ar­ka­ly hem gör­ke­zil­ýär. My­sal üçin, py­ýa­da­lar we sü­rü­ji­ler üçin ýo­ly­şyk we beý­le­ki ýol bel­gi­le­ri reňk ýa-da şe­kil­le­riň üs­ti bi­len ýe­ti­ril­ýär. Okuw sa­pak­la­ryn­da, ha­sap­la­ýyş ma­şyn­la­ryn­da hem şeý­le bel­gi­le­riň bir­nä­çe­si bo­lup, olar dün­ýä­niň äh­li adam­la­ry üçin düş­nük­li­dir. Eý­sem, bu bel­gi­ler ni­re­den ge­lip çyk­ýar, ola­ryň nä­hi­li ma­ny­sy bar­ka?
Hä­zir­ki wagt­da komp­ýu­ter kla­wia­tu­ra­syn­da­ky ny­şan­la­ryň kö­pü­si elekt­ron en­jam­la­ryň peý­da bol­ma­gyn­dan has öň bar­dy. Elekt­ron poç­ta­lar­da­ky «@» bel­gi­si hem ýa­zuw­da komp­ýu­ter­den we in­ter­net­den has öň peý­da bo­lup­dyr. Şeý­le-de bol­sa, bu ny­şan ada­ty ýa­zuw en­ja­my­nyň il­kin­ji nus­ga­la­ryn­da özü­ne orun ta­pyp­dyr.
Meş­hur wen­ger dil­çi­si Sti­wen Ul­man­nyň pi­ki­ri­ne gö­rä, bu ny­şan Or­ta asyr mo­nah­la­ry ta­ra­pyn­dan la­tyn di­lin­de ula­ny­lyp­dyr. 2004-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da Hal­ka­ra Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa Bi­le­le­şi­gi elekt­ron poç­ta sal­gy­la­ry­nyň ibe­ril­me­gi­ni aň­sat­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len @ bel­gi­si üçin Mor­se ko­du­ny hö­dür­le­di. Kod la­tyn A we C harp­la­ry­ny bir­leş­dir­ýär we bi­le­lik­dä­ki gra­fi­ki ýaz­gy­ny bag­la­ny­şyk gör­nü­şin­de gör­kez­ýär. Ny­şan il­kin­ji ge­zek 1971-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da prog­ram­ma­çy Reý Tom­lin­son ta­ra­pyn­dan dün­ýä­de il­kin­ji şeý­le e-poç­ta ibe­ril­me­gi ar­ka­ly tek­lip edil­di. E-poç­ta Tom­lin­son­dan ozal hem bar­dy, ýö­ne ol ady we do­me­ni aýyr­mak üçin «@» bel­gi­si­ni ulan­ma­gy tek­lip eden il­kin­ji adam hök­mün­de ka­bul edil­di.
Is­pan, por­tu­gal we fran­suz dil­le­rin­de «@» bel­gi­si adat­ça «ar­ro­ba» diý­mek­dir. Bu söz «ar-rub» arap sö­zün­den ge­lip çy­kyp, «çär­ýek» diý­me­gi aň­lad­ýar. 2009-njy ýyl­da is­pan ta­ryh­çy­sy Jorj Ro­mans Sta­bil il­kin­ji ge­zek 1448-nji ýyl­da ýa­zy­lan Ara­gon gol­ýaz­ma­sy «Tau­la de Ari­za»-da «@» ny­şa­ny bi­len ar­ro­ba­nyň gys­gal­dy­lan­dy­gy­ny anyk­la­ýar.
Bu bel­gi­niň dür­li ýurt­lar­da zoo­lo­gik at­la­ry bar. Pol­ýak­lar bu bel­gä – maý­myn, rus­lar we er­me­ni­ler – it, taý­wan­ly­lar – sy­çan, grek­ler – ör­dek, ital­ýan­lar we ko­reý­ler – su­wö­küz, wen­ger­ler – gur­çuk, şwe­si­ýa­ly­lar we da­ni­ýa­ly­lar – pil ma­gist­ra­ly, fin­ler bol­sa – pi­şi­giň guý­ru­gy diý­ýär.
(‘): kä­bir ýer-ýurt at­la­ryn­da ga­bat gel­ýän bu bel­gi kä­bir dil­ler­de söz­le­ri gys­galt­mak mak­sa­dy bi­len peý­da­la­nyl­yp, HTML kod­la­ryn­da hem ula­nyl­ýan bel­gi­le­riň bi­ri­dir.
(*): ir­ki dö­wür­ler­de ma­te­ma­tik­ler ýyl­dy­zyň şe­ki­li­ni kö­pelt­mek bel­gi­si hök­mün­de ula­nyp­dyr­lar. Soň­ky ýyl­lar­da bol­sa, beý­le­ki ýaz­gy­lar­da äh­mi­ýet­li za­dy ala­mat­lan­dyr­mak üçin ýyl­dyz­jyk ula­ny­lyp baş­la­nyp­dyr.
(?): so­rag bel­gi­si hem­me­le­re mä­lim bol­sa ge­rek. Em­ma bu bel­gi kä­bir dil­de baş­ga­ça­rak ula­nyl­ýar. My­sal üçin is­pan di­lin­de ýüz­len­me we so­rag söz­lem­le­ri­niň ba­şyn­da hem so­ňun­da dyn­gy bel­gi­ler go­ýul­ýar. «¡Es­te es mi per­ro!» (Bu me­niň itim!) (ýüz­len­me). «¿Es­te es mi per­ro?» (Bu me­niň itim­mi?) (so­rag). My­sal­da gör­lü­şi ýa­ly, ola­ryň bi­ri adat­da­ky­sy ýa­ly söz­le­miň so­ňu­na, beý­le­ki­si ba­şa­şak gör­nüş­de söz­le­miň ba­şy­na go­ýul­ýar. Ýüz­len­me söz­lem­le­ri hem şeý­le. Arap we pars dil­le­ri sag­dan çe­pe ýa­zyl­ýan­dy­gy üçin so­rag bel­gi­si ter­si­ne (؟) go­ýul­ýar.

Ýaz­gel­di GUR­BA­NOW,
Da­şo­guz we­la­ýat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.