Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi ýurduň daşary syýasatynda goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ileri tutup, söwda gatnaşyklarynyň artdyrylmalydygyny öňe sürdi. Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň habaryna görä, Raisi bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýtdy.
Eýranyň Prezidenti Seýid Ebrahim Raisi goňşy ýurtlar bilen özara gatnaşyklaryň we özara söwdanyň derejesini ýokarlandyrmagyň häzirki hökümetiň ileri tutýan ugurlarynyň biri hökmünde baha berdi.
-Iň işjeň hökümet diplomatiýasy goňşular bilen bolmaly we goňşularymyz bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin ähli tagallalary etmeli. Çünki bu gatnaşyklary berkitmek we Eýranyň sebitdäki söwda paýyny artdyrmak üçin oňaýly şertler bar – diýip, Eýranyň Prezidenti belledi.