ABŞ-dan eks­port edil­ýän te­bi­gy ga­zyň möç­be­ri il­kin­ji ge­zek im­port edil­ýän te­bi­gy ga­zyň muk­da­ryn­dan köp bol­dy. Şeý­le ýag­da­ýa 60 ýyl­dan soň­ra duş ge­lin­di. Bu ba­ra­da “The Wall Street Jo­ur­nal” ne­şi­ri­niň ha­bar­la­ryn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
“S&P Glo­bal Platts”-yň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ABŞ no­ýabr aýyn­da bir gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da 210 mil­li­on ku­bo­metr te­bi­gy ga­zy eks­port et­di. Şeý­le hem şol wagt­da 198 mil­li­on ku­bo­metr te­bi­gy ga­zy sa­tyn al­dy. Şeý­le­lik­de, eks­por­tuň möç­be­ri im­port­dan köp bol­dy.
ABŞ-nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň ener­gi­ýa mag­lu­mat­la­ry eda­ra­sy­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, 60 ýyl mun­dan ozal, ABŞ te­bi­gy ga­zy im­por­ta ga­ra­nyň­da, has köp eks­port et­di. Ýö­ne bu ýag­daý uzak wagt do­wam et­mez. Se­bä­bi ho­wa­nyň so­wa­ma­gy bi­len ýurt­da te­bi­gy ga­za ze­rur­lyk has-da ar­tar. Şo­nun üçin ýe­ne-de köp muk­dar­da te­bi­gy ga­zyň im­port edil­me­gi­ne mä­täç­lik du­ý­lar.
2010-njy ýyl­dan soň­ra te­bi­gy ga­zyň eks­por­ty 50 gö­te­rim art­dy. Mi­nistr­li­giň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 2020-nji ýyl­da ABŞ dün­ýä­de su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy ga­zy ön­dür­mek­de Awst­ra­li­ýa­dan we Ka­tar­dan soň­ra üçün­ji or­ny eýe­lär. ABŞ-nyň te­bi­gy ga­zy­ny sa­tyn al­ýan esa­sy ýurt­lar Mek­si­ka bi­len Ka­na­da­dyr. Olar bu ýur­duň De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka se­bi­tin­dä­ki er­kin söw­da yla­la­şy­gy bo­ýun­ça hyz­mat­daş­la­ry­dyr.