Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň saý­la­nan Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­re­şiň we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi­ne 1 aý­dan hem az wagt gal­dy. Ol tä­ze we­zi­pe­si­ne başlamagyň öňü­sy­ra­syn­da bir­nä­çe döw­let­ler­de sa­par­da bol­dy. Onuň da­şa­ry ýurt sa­par­la­ry­nyň bi­ri hem Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­na bol­dy. Bu ýer­de Gu­ter­reş ýur­duň ýo­ka­ry de­re­je­li döw­let ýol­baş­çy­la­ry bi­len du­şuş­dy.
Ol bu ýer­de Hy­ta­ýyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy, şeý­le-de adam hu­kuk­la­ry we beý­le­ki ugur­lar­da bi­le­lik­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy­na syn ber­di­.
Gu­ter­reş 2017-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da tä­ze we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer. Ol Pan Gi Mu­nuň ýe­ri­ne ge­çer. Gu­ter­reş mun­dan ozal, BMG-niň dü­zü­min­de iş­läp­di. BMG-niň bos­gun­lar bo­ýun­ça ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ren An­to­niu Gu­ter­reş gel­jek­de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hö­küm sür­me­gi, dur­nuk­ly ösüş dep­gi­ni­niň has-da ýo­kar­lan­ma­gy ug­run­da ta­gal­la et­me­gi öz öňün­de mak­sat edip goý­dy.