Täze hasabat ABŞ-nyň we Angliýanyň ýaşaýjylarynyň “YouTube” däl-de, “TikTok” üçin has köp wagt sarp edýändiklerini görkezdi. Hasabat “App Anni” tarapyndan berildi. Gözlegçiler, “TikTok”-da her ulanyjynyň ortaça sagat wagtynyň “YouTube” -dan has ýokarydygyny anykladylar. Bu has ýokary gatnaşygy görkezýär. Şeýle-de bolsa, “YouTube” ulanyjy başyna däl-de, sarp edilen wagtyň dowamlylygynda birinji orny eýeleýär. Sebäbi bu hyzmatyň ulanyjylary has köp. Şeýle hem, “App Annie” hasabatyndan “TikTok” -yň göçürip alýanlaryň sany boýunça “Instagram” -dan öň dünýäde öňdebaryjydygy mälim edildi.