Angela Merkel Ýewropa Bileleşigine Balkan ýurtlarynyň goşulmagyny goldamak üçin Serbiýa sapar bilen geldi. German Kansleri saparynyň dowamynda Ýewropa Bileleşigini sebitdäki täsirini güýçlendirmäge çagyryş etdi. Belgradda Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda:
-Biz, eýýäm Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolan ýewropalylar, hemişe geostrategik gyzyklanmamyzyň bu ýurtlary Ýewropa Bileleşigine kabul etmekdigini unutmaly däldiris. Häzir biz bu ýolda haýal-ýagallygyň bardygyny görýäris, şeýle-de Balkanlarda köp babatda dünýäniň beýleki sebitleriniň täsiri hem duýulýar – diýip, belledi.
Merkel Serbiýanyň hökümetini kanunyň rüstemligi, demokratiýa, jemgyýetiň plýuralizmi üçin mundan beýläkki işleri öňe ilerletmäge, gepleşikler arkaly Kosowa bilen meseleleriň çözgüdini tapmaga çagyrdy.
Belgraddan soň, GFR-iň Kansleri Tirana gidip, ÝB-ne agza bolmak isleýän Albaniýanyň we Günbatar Balkan ýurtlarynyň bäşisiniň liderleri bilen duşuşar.