Hytaý 2022-nji ýylda BRIKS-iň XIV sammitini geçirer. Hytaý ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we umumy kynçylyklary çözmek hem-de has ýakyn gatnaşyklar gurmak üçin birleşigiň ähli ýurtlary bilen işleşmäge taýýardyr. Muny Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Hindistanyň baştutanlygynda wideokonferensiýa arkaly geçirilýän XIII BRIKS (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika Respublikasy) sammitinde eden çykyşynda aýtdy.
– Geljek ýyl Hytaý BRIKS-e başlyklyk eder we BRIKS-iň XIV sammitiniň guramaçysy bolup çykyş eder. Hytaý BRIKS ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak, umumy kynçylyklary çözmek, has gowy geljegi döretmek hem-de işjeň we pragmatik gatnaşyklary ýola goýmak üçin hyzmatdaşlyga uly ynam bildirýär – diýip, Si Szinpin belledi. Hytaý lideriniň belleýşi ýaly, BRIKS ýurtlary soňky 15 ýylda strategik hyzmatdaşlygy we syýasy ynamy güýçlendirdi.
– Bu ýyl BRIKS-iň 15 ýyllygy bellenýär. Soňky 15 ýylda bäş ýurt strategik gatnaşygy, syýasy ynamy, aç-açanlyk we deňlik ruhuny güýçlendirdi – diýmek bilen, Si Szinpin ýurtlaryň innowasiýa we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ruhunda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda möhüm öňegidişliklere eýe bolandygyny belledi.
BRIKS ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiren sammitinde Nýu-Deli jarnamasy kabul edildi. Taraplar koronawirus pandemiýasyna garşy göreş, halkara we sebit howpsuzlygyny güýçlendirmek ýaly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Sammitden soňky beýanata laýyklykda, BRIKS ýurtlary syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
«Biz BRIKS-iň içinde syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet we maliýe, şeýle-de adamlaryň arasynda medeni alyş-çalyş hyzmatdaşlygy güýçlendirmek borjumyzy tassyklaýarys» diýlip beýanatda aýdylýar. Mundan başga-da, ýurtlar maliýe çökgünligi döwründe Halkara pul gaznasynyň (HPG) mümkinçiliklerini giňeltmegiň zerurdygyny ykrar etdiler. «Halkara pul gaznasynyň dünýä ýurtlarynyň maliýe zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen öz ukybyny ýokarlandyrmagy gaýragoýulmasyz ýagdaýda zerurdyr» diýlip, beýanatda bellenilýär. Şeýle-de, BRIKS Bütindünýä Söwda Guramasyny (BSG) gyssagly özgertmegiň zerurdygyny nygtamak bilen, bu guramanyň esasy gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gorap saklaýar we ähli agzalaryň bähbitlerini göz öňünde tutýar.
BRIKS ýurtlary dünýä ilatynyň 40 göterimini öz içine alyp, Ýer togalagynyň dörtden bir bölegini eýeleýär. BRIKS ýurtlarynyň jemi içerki önümi soňky ýyllarda has-da ýokarlandy. Gurama 2006-njy ýylda Peterburg ykdysady forumynyň çäklerinde Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda esaslandyryldy.