Is­pa­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti elekt­rik ulag­la­ry­ny ös­dür­mä­ge we ön­dür­mä­ge taý­ýar­lyk gör­mek mak­sa­dy bi­len 2023-nji ýy­la çen­li aw­tou­lag pu­da­gy­na 4,295 mil­liard ýew­ro ma­ýa goý­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Hö­kü­me­tiň ha­sap­la­ma­la­ry­na gö­rä, bu serişde­le­riň kö­pü­si «In­di­ki ne­sil» gaz­na­syn­dan gel­ýär. Aw­tou­lag pu­da­gy­na gö­nük­di­ri­len bu serişde­ler ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gel­jek üç ýyl­da je­mi 19 mil­liard ýew­ro art­dy­rar.
Prem­ýer-mi­nistr Ped­ro San­çe­siň pi­ki­ri­çe, hö­kü­me­tiň mak­sa­dy di­ňe bir ozal­ky döw­re gaý­dyp gel­mek däl-de, eý­sem, 2030-njy ýy­la çen­li je­mi içer­ki önü­miň 15 gö­te­ri­me ýet­me­gi üçin aw­tou­lag pu­da­gy­nyň öz­ger­dil­me­gi­niň öňe sü­rül­me­gi­dir. Hö­kü­me­tiň ha­sa­ba­tyn­da di­ňe elekt­rik ula­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly önüm­çi­lik ugur­la­ry­nyň 10,095 mil­liard­dan 17,835 mil­liard ýew­ro çen­li je­mi içer­ki önü­me tä­sir edip, 141 mü­ňe çen­li iş ýe­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne se­bäp bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. SE­AT we «Volks­wa­gen Group» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar elekt­rik ulag­la­ry­ny ön­dür­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gat­na­şar­lar.