Niderland suratkeşi Ýan Wermeriň 1657-1659-njy ýyllarda çeken «Hat okaýan gyz» atly suratyny synlanyňda, göräýmäge ýaş zenandan başga hiç kim ýok ýaly. Ýöne täze tehnologiýalar bilen barlananda, otagyň diwarynda, oglanjygyň hem şekiliniň gizlenip durandygy anyklandy. Bu suratkeşiň öz işidir öýdülse-de, soňra üstünden reňklenendigi belli boldy. Uzaga çeken dikeldiş işlerinden soň, hünärmenler reňkiň ýokarky gatlagyny aýyrdylar. Surat indi has kämil görnüp, gyz ýalňyz däl. Gyzyň söýgi hatyny oglanjyk hem okaýar.